Türkmen lideriniň daşary ýurt alymlarynyň Türkmenistan bilen bagly ylmy işlerini çap etdirmek üçin resmi Aşgabatdan rugsat almalydygy barada aýdan sözleri bada-bat daşary ýurt habar serişdeleriniň nazaryna ildi.
Orsýetiň "Eho Moskwy" radiosy 15-nji awgustda «Arkadag daşary ýurtly alymlaryň Türkmenistanyň taryhy baradaky işlerinde özi bilen ylalaşmagyny talap edýär" diýip ýazdy.
Thejakartapost.com neşiri bolsa, "Türkmen prezidenti daşary ýurt alymlaryny çäklendirmäge çagyrýar» diýen at bilen bir makala çap etdi.
Eger türkmen prezidentiniň «çagyryşyna» gaýdyp gelsek, ol Aşgabatda anna güni geçiren giňişleýin hökümet maslahatynda dogrudanam Türkmenistanda bolan daşary ýurt alymlarynyň öz ylmy işlerini çap etdirmek üçin resmi Aşgabadyň «netijenamasyny» almaly boljagyny aýtdy.
Türkmen lideri öz çykyşynda daşary ýurtly alymlaryň ýurda gelip, ylmy iş bilen meşgullanmagynyň bir tarapdan gowudygyny, emma olaryň ylmy işlerinde we makalalarynda käte öz şahsy garaýyşlaryny beýan edýändiklerini aýtdy.
Alymlaryň "şahsy garaýyşlary"
Prezident Berdimuhamedowyň ynanjyna görä, ol hili "şahsy garaýyşlar käbir halatlarda Türkmenistanda umumy kabul edilen taglymata we garaýyşlara laýyk gelmeýär".
Şu sebäpden, indiden eýläk, daşary ýurt alymlarynyň Türkmenistanda alyp baran ylmy-barlag işlerinde gelen netijeleri Medeniýet ministrliginde ýa-da Ylymlar akademiýasynda alymlaryň mejlislerinde, Türkmenistanyň degişli netijenamasy bilen resmileşdirilmeli diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Daşary ýurtly alymlar Türkmenistanyň baý medeni mirasy we taryhy baradaky ylmy işlerini diňe şeýle resmi tassyknamadan soň neşir edip bilerler diýip, prezident belledi.
Prezidentiň talabynyň ylma ýetirjek täsiri
Bu habaryň daşary ýurt habar serişdelerinde döreden gyzyklanmasyna dolanyp gelsek, thejakartapost.com neşiri 58 ýaşly türkmen prezidentiniň daşary ýurt alymlarynyň geçiren ylmy-barlag işleriniň netijeleriniň çap edilmeginiň öňüni nädip alyp boljagyny aýtmandygyny belleýär.
Ýöne neşir prezidentiň aýdan sözleriniň gutulgysyz bir syýasata aýlanjagyny, sebäbi Türkmenistanda prezidentiň ygtyýarlyklarynyň hiç bir barlaga-derňewe sezewar edilmeýändigini, netijede, bu syýasatyň Fransiýadan, Italiýadan we Orsýetden Türkmenistana baryp, ol ýerdäki gadymy arheologiýa ýadygärliklerinde ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlaryň işine täsir ýetirjegini çaklaýar.
Şeýle-de neşir Türkmenistanda medeniýetiň we taryhyň döwlet tarapyndan goralýandygyny, bu ýurduň ummasyz gaz ätiýaçlyklarynyň we gözçykgynç şahsyýet kultlarynyň dünýäniň iň bir awtoritar hökümetlerini saklap galandygyny belleýär.
Türkmen prezidentiniň daşary ýurtly alymlaryň işlerini çap etmek üçin Aşgabatdan resmi rugsat almalydygy baradaky pikiri türkmen metbugatynyň hem tankytlanan wagtyna gabat geldi. Emma daşary ýurt alymlarynyň "şahsy garaýyşlary" diýilýänler bilen türkmen metbugatynda goýberildi diýilýän "köp sanly gödek ýalňyşlylaryň" arasynda nähildir bir baglanyşyk bardygy ýa ýokdugy aýdylmady.
Türkmen metbugatyndaky "gödek ýalňyşlar"
Prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda türkmen metbugatynda gödek ýalňyşlyklara ýol berilýändigini, şu günüň möhüm temalaryna degişli makalalaryň çap edilmeýändigini, ýurtda geçirilýän reformalaryň ýaramaz beýan edilýändigini aýtdy.
Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde käýinç berlen resmileriň arasynda Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar serişdelerinde döwlet syrlaryny goraýan komitetiň başlygy Ýazmuhammet Ýazlyýew hem bar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Hudaýberdiýew, hökümet başlygynyň bu pudaga gözegçilik edýän orunbasary Maýsa Ýazmuhamedowa hem, «wezipesini talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, gözegçiligi gowşadandygy üçin» käýinç aldy.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygy Bekdurdy Amansaryýew bolsa, iki jogapkär wezipesiniň birinden - «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyldy.
Emma Ministrler kabinetiniň mejlisinde-de, türkmen metbugatynda hem prezidentiň haýsy anyk "gödek ýalňyşlyklar" barada gürrüň edýändigi aýdylmady.