Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmen metbugatynda erkinlik duýlanok"


"Watan" gazeti
"Watan" gazeti

Gazagystanyň Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy boýunça halkara býurosy, Nota Bene, adam hukuklary boýunça «Türkmen inisiatiwasy» we Adam hukuklary ugrunda Halkara hyzmatdaşlygy guramalary Merkezi Aziýa ýurtlarynda metbugat azatlygynyň, internet senzurasynyň ýagdaýy, žurnalistleriň ýanalmagy barada ýüzlenme çap etdi.

Azatlyk Radiosy bu ýüzlenmäniň awtorlarynyň biri, «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz sebitdäki jemgyýetçilik guramalary, hususan-da gazagystanly, täjigistanly hukuk goraýjylar bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky metbugat çäklendirmeleri, internet senzurasy we žurnalistleriň ýanalmagy barada beýanat ýaýradypsyňyz. Bu beýanatyň edil şu günki günde ýaýradylmagynyň sebäbi näme?

Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin: Munuň sebäbi şu gün Wenada, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda şu tema, söz azatlygyna, pikir azatlygyna bagyşlanan uly konferensiýa geçirilýär. Hut şu sebäpden, ýagny Wenada geçirilýän uly çäräniň öňüsyrasynda jemgyýetçilige ýetirmek üçin, biz öz bilelikdäki ýüzlenmämizi taýýarladyk.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýüzlenmäňizde sebitde metbugat azatlygy meselesine umumylykda baha berilýär. Eýsem siz bu meselede Türkmenistandaky ýagdaý ýa-da soňky döwürde göze ilýän tendensiýalar barada anygrak gürrüň berip bilmezmisiňiz?

Farid Tuhbatullin: Biz hakykatdanam Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýagdaýyna syn edýäris we öz ýüzlenmämizde, mysal üçin, 2013-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda metbugat hakyndaky kanunyň kabul edilendigini belledik. Bu kanunda senzura gadagan edilýär we köpçülikleýin habar serişdelerinde pikir dürlüligine ýol berilmelidigi aýdylýar.

Emma gynansak-da bu kanun, bir ýarym ýyl bäri hereket edýär diýip hasaplanýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň beýleki bir topar kanuny ýaly, hereketsiz galýar. Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistanda ýekeje-de täze garaşsyz gazet-žurnal ýa-da radio hasaba alynmady.

Munuň üstesine Türkmenistanda türkmen häkimiýetleri barada tankydy mazmunly materiallary çap edýän internet saýtlarynyň petikli saklanmagy dowam etdirilýär. Ýagny hakykatda gowulyga tarap hiç-hili pozitiw üýtgeşme bolmady.

Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistanda ýekeje-de täze garaşsyz gazet-žurnal ýa-da radio hasaba alynmady."
F.Tuhbatullin

Şeýle-de häkimiýetler daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistlere, daşary ýurtlarda ýaşap, žurnalist ýa-da bir internet saýtynyň wekili bolup işleýän türkmen raýatlarynyň garyndaşlaryna basyş etmegi dowam etdirýärler. Şu sebäpden, gaýtalap aýdýaryn, Türkmenistanda iş ýüzünde gowulyga tarap hiç bir üýtgeşiklik bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siz öz ýüzlenmäňizde sebitde söz, metbugat azatlygy babatdaky ýagdaýyň gowulaşmagy üçin bir topar rekomendasiýa hem beripsiňiz. Eýsem siziňçe Türkmenistan esasy haýsy rekomendasiýalary ýerine ýetirmeli?

Farid Tuhbatullin: Biz bu ýerde rekomendasiýalaryň giden bir tapgyryny hödürleýäris; hususan-da biz Türkmenistanda kabul edilýän täze kanunlaryň, şol sanda köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky kanunyň professionallar, spesialistler tarapyndan halkara normalaryna we adam hukuklaryna gabat gelşi taýdan analizlenmegini, seljerilmegini maslahat berýäris. Şeýle-de biz ol kanunyň hereket edýän, işleýän kanun bolmagyny maslahat berýäris.

Mundanam başga biz halkara gurluşlaryny Türkmenistanda we goňşy ýurtlarda žurnalistleriň gorkuzylmagyna, ýanalmagyna dahylly jogapkär adamlary ýazgarmaga çagyrýarys.

Elbetde, biz Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyny hem gatnaşyjy döwletlere özleriniň söz, pikir azatlygy boýunça alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde kömek bermäge çagyrýarys. Sebäbi Türkmenistan, ÝHHG-nyň agzasy bolan ýurt hökmünde, öz wagtynda bu guramanyň öňünde bir topar borçnama gol çekdi we ol öz borçnamasyny ýerine ýetirmeli.

XS
SM
MD
LG