Türkmenistanda Ylym güni bellenilýär, ilatyň okuw-bilim mümkinçilikleriniň giňeldilýändigi, ylym bilen meşgullanmak şertleriniň gowulandyrylýandygy aýdylýar. Şol bir wagtda ýurtda milli azlyklaryň dillerinde sapak berýän orta mekdepleriň işini togtatmaga mejbur bolandygy barada habarlar çykýar.
Eýsem Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň gowy bilim alyp, ylmy işler bilen meşgullanmak mümkinçilikleri nähili? Hususan-da ýurtdaky özbek mekdeplerine näme boldy? Azatlyk radiosy bu barada Wenadaky «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk radiosy: Farid, Türkmenistan Ylym gününi belleýär. Emma siz öz hasabatlaryňyzda ýurtda milli azlyklaryň dillerinde sapak beren mekdepleriň ýapylandygyny ýazýarsyňyz. Mysal üçin, Türkmenistandaky özbek mekdeplerine näme boldy?
Farid Tuhbutullin: Hakykatdanam Türkmenistanda ýeterlik derejede köp özbek dilli mekdep bardy. Bu esasan-da özbek milletinden bolanlaryň kowçum bolup ýaşaýan ýerlerinde şeýledi. Mysal üçin, Daşoguz şäherindäki 21 orta mekdebiň 9-sy özbek, 7-si türkmen, 5-si bolsa rus dilindäki mekdeplerdi. Ýagny mekdeplerde sapak berilýän dil şol töwerekde ýaşaýan millet wekilleriniň sanyna görä kesgitlenýärdi. Emma bu sowet döwründe bolupdy.
1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap özbek, gazak dillerindäki mekdepler, beýleki milli azlyklaryň dilindäki mekdepler ýapyldy. Biz bu baradaky maglumatlary hakykatdanam birnäçe gezek çap etdik. Şeýle-de ol maglumatlar bilen halkara guramalaryna ýüzlendik. Sebäbi bu milli azlyklaryň hukuklarynyň bozulmagy bolýar.
Öz dilinde bilim almak adamyň esasy hukuklarynyň biri. Bu mesele boýunça bir topar dokument hem çap edildi. Hatda bir gezek BMG-niň etniki azlyklar meselesi bilen meşgullanýan wekili Türkmenistana barjak bolup hem synanyşdy. Emma gynansak-da, bu ýagdaý häzirlikçe öňküsi ýaly bolmagynda galýar.
Azatlyk radiosy: Farid, Türkmenistanda milli azlyklar näçeräk orun tutýar? Ýagny olaryň sany milli azlyklaryň dillerinde mekdep bolmagy üçin ýeterlikmi?
Farid Tuhbatullin: Maňa görnüşinden, käbir maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilatynyň 25 prosentinden 30 prosente çenlisi türkmenler däl, ýagny beýleki milletleriň wekilleri. Olaryň köpüsi öz dillerinde okamak hukuklaryndan mahrum edildi. Degişlilikde, öz dillerinde orta bilim alyp bilmän, olar soň hem okap, doly bahaly ýokary bilim almakda, ýeterlikli ýokary derejede ylmy işler bilen meşgullanmakda kynçylyk çekýärler.
Azatlyk radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda etniki azlyklaryň dillerindäki mekdepleriň ýapylmagy ýurtda ylmyň ösmegine, açyşlaryň edilmegine belli bir derejede täsir ýetirýär-dä? Siz şeýle diýmekçi bolýarsyňyzmy?
Farid Tuhbatullin: Bu belli bir derejede şeýle. Sebäbi, meniň aýdyşym ýaly, 25-30 prosent diýilýän ilatyň düýpli bir bölegi bolup durýar. Hatda biziň ýurdumyzda ilatyň aglaba köplügini düzýän türkmenleri alanyňda hem, hatda şol hem köp zatdan mahrum edilen.
Hususan-da olaryň daşary ýurtlardan haýsydyr bir ylmy işleri alyp bilmegi juda kynlaşdyrylan. Goý, ol işler rus dilinde bolsun, iňlis dilinde, fransuz dilinde bolsun, tapawudy ýok. Ýapyk ýurt ylmyň ösmegine hiç bir jähtden ýardam etmeýär. Bu kontekstde milli azlyklar babatda gürrüň edilende, meniňçe, 4,5 - 5 million ilatly ýurt üçin bu 25-30 prosent örän düýpli mesele.