Itler üçin döwrebap saç stili
Taýwanda öý haýwanlaryny arassalaýan we onuň daşky keşbine serenjam berýän weterinar itler üçin ýörite saç stilini döredip başlady. Ol itleriň saçlaryny olaryň kellesi kwadrat ýa-da togalak ýaly bolup görünýän şekilde kesýär. Taýwanyň paýtagty Taýpeýde 13 ýyl bäri öý haýwanlaryny arassalap, daşky keşbine serenjam berýän Mo Ming-fengiň 8-nji iýunda beren maglumatyna görä, ol itler üçin ýörite saç stilini döretmäge, bir müşderisiniň öz itiniň saçyny adaty bolmadyk görnüşde kesmegi soramagy bilen başlandygyny aýdýar.