Ýakynda energiýa boýunça belli ekspert, “Platz” žurnalynyň ozalky redaktory Jon Roberts Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda gurnalan nebit-gaz konferensiýasyna gatnaşdy.
Hökümet tarapyndan sýyahatçylyk zolagy diýilip atlandyrylýan we milliardlarça dollar serişde göýberlen Awazanyň juda owadan ýerdigini we bu zolaga gezelenje baran adamlara duş gelmändigini aýdýar.
Jon aýratynam Awazada turistler üçin göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň gaty çäklidigini aýdyp, onuň hakyky manyda sýyahatçylyk zolagy bolmagy üçin ýurda giriş çykyşlaryň ýeňilleşdirilmeginiň we aragatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Jon Roberts Azatlyk Radiosyndan Muhamad Tahire beren gürrüňinde Awazanyň özünde galdyran täsirleri hakda söhbet edýär.
Azatlyk Radiosy: Jon, birnäçe gün mundan ozal siz Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda bolduňyz. Türkmen häkimiýetleri ony diýseň mahabatlandyrýarlar. Bu ýer turistik zolak hökmünde sizde nähili täsir galdyrdy?
J.Roberts: Daşary ýurtly biri üçin Awaza barada bir zat aýtmak kyn düşäýmese. Ol owadan bir ýer. Emma men baranymda, dynç alyş möwsümi heniz başlanmandy.
Nirä seretseň, owadan myhmanhanalara gözüň düşýärdi, ýahta kluby, howuzlar we suw sportuna gönükdirilen merkezler bar ekeni. Emma gezelenje gelen adamlara duş gelmedim, sebäbi häzir dynç alyş möwsümi başlanmandyr.
Şonuň üçin şol desgalardan adamlaryň nähili peýdalanýandygy barada bir zat aýtmak gaty kyn. Men myhmanhanalaryň uly bir böleginiň hökümete degişli edaralar tarapyndan öz işgärleriniň dynç almagy üçin gurlandygyny bilýärin.
Şonuň üçin men ullakan-ullakan myhmanhanalaryň boş ýatandygyny gördüm, Awazada meniň gatnaşan ýygnagyma gatnaşmak üçin baran adamlar diýäymeseň, men şol ýerde bolanymda bizden başga hiç kim ýokdy.
Azatlyk Radiosy: Awazada şol myhmanhanalardan başga turistleriň ünsüni çekäýjek nämelere duş geldiňiz?
J.Roberts: Elbetde, Awaza Hazaryň gyrasynda ýerleşýär, deňziň gyrasyndaky plýažlar gaty owadan gurlupdyr. Men şol ýerlerde gezelenç etdim, kafeler gurlupdyr, iň azyndan bir gowy naharhana duş geldik.
Emma gezelenje baran adamlar bolmansoň, bu zolagyň dynç alyş güňlerinde nähili bolýandygyna göz ýetirmek gaty kyn. Men myhmanhanada, otagymyň balkonyna çykyp daşaryk syn edenimde, owadan howuzlar, suw sporty bilen meşgullanmak üçin gurlan desgalar gözüme ilýärdi.
Dynç alyş möwsümlerinde, şol desgalarda çagalaryň oýnaýandygyny, eneleriň, ulularyň bolsa suwuň gyrasynda dynç alyp ýatýandyklaryny çaklasa bolar. Edil häzir, adamlar gözüme ilmänsoň, bu diňe meniň çaklamalarym.
Azatlyk Radiosy: Ýaňy men Awazada dynç almaga baranlar üçin suwdan başga nähili mümkinçilikler bar diýen soragy berdim, [ýene] şol tema dolanaýsak… Awaza dynç almaga baran adamlar suwda [ýüzmekden, suw sportundan] başga nämeler bilen meşgullanyp bilerler?
J.Roberts: Türkmenistana turistleriň ünsüni çekmek üçin edip bolaýjak işler barada gürrüň etsek, onda men düýe we at ýaryşlaryny gurnap, turistleriň ünsüni çekip boljakdygyny pikir edýärin. Bu maksat üçin ýurduň her ýerinde diýen ýaly desgalar gurlupdyr. Turistleriň ünsüni çekmek üçin şonuň ýaly proýektler goldanylmaly. Turistler Türkmenistana nebit, gaz ýataklaryny görmek üçin barmazlar. Iň esasy zat, Aşgabat suw turizmini ösdürip biler, meselem, ýahta sportuna üns berip bolar. Munuň nähili amala aşjagy, ýerli ilatyň bu zatlar bilen näderejede gyzyklanýandygyna bagly bolar.
Edil häzirki gün Türkmenistanyň turizm pudagy gaty kontrolly ýagdaýda ýöredilýär. Günbatarda bolşy ýaly, pasportyňy eliňe alyp, [ýüzugra] ”gel şu gün deňziň gyrasynda dynç almaga gideýin” diýip, [ap-aňsat] ýola çykyp bolmaýar. Türkmenistan muny [ýola goýmagy] başarmaly.
Azatlyk Radiosy: Awazanyň turistik zolagy hökmündäki gelejegi barada gürrüň edenimizde, käbir daşary ýurtlular Türkmenistana wiza almagyň gaty kyndygyny, onsoň nähili desgalar gurulsa-da, adamlaryň köpçülikleýin Awaza barmak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar.
J.Roberts: Elbetde, siz bilen ylalaşýaryn, bu ullakan problema, eger siz konferensiýa gatnaşmak ýa belli bir iş üçin barýan bolsaňyz, wiza almak mümkin. Elbetde, turistik wizany hem alyp bolýar, emma ol gaty kynlyk bilen alynýar. Eger turist hökmünde Türkmenistana barjak bolsaň, belli bir planyň bolmaly.
Turistleriň Gunbatar Ýewropada edişleri ýaly, eliňe pasportyňy alyp, meniň Awstriýa gidesim gelýär, ýa men Fransiýa gitjek, ýa men Bolgariýa gitjek diýip, [ýüzugra] bilet alagada ýola çykyberip bolanok.
Ýurda baraňsoň hem men bu şähere gitjek, ol şäherde bu zady görjek diýip, ýola çykyp bolanok. Bu ýurtda ähli zat planly ýagdaýda amala aşyrylýar.
Azatlyk Radiosy: Siz Awaza bilen bir hatarda ençeme dynç alyş merkezlerinde bolduňyz. Gelejek dynç alyş möwsüminde maşgalaňyzy Türkmenistana äkitmek islegiňiz barmy?
J.Roberts: Türkmenistana suw sporty bilen gyzyklanýan çagalaryňyzy äkidip bilersiňiz, ulular bolsa Awazada bolanda, deňiz ýakada belki kitap okamak bilen meşgullanyp bilerler. emma güýmenmek üçin o diýen mümkinçilikler ýok.
Emma Ýewropada ýa Orsýetiň uly şäherlerinde ýaşaýan islendik döwrebap maşgalany göz öňünde tutup aýdanymyzda, Awaza baranda olaryň ýüzbe-ýüz bolaýjak iň esasy problemasy aragatnaşyk bilen bagly bolar.
Internet aragatnaşygy diýseň kyn, Iphone, Ipad ýaly gurallar arkaly mydama [biri-biri bilen] aragatnaşykda bolmaga öwrenişen çagalar, ýaşlar Awaza baranlarynda aragatnaşygyň kynçylygyndan ýaňa dälirärler...