Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ylalaşyk golaý görünýär


Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Aragçi 29-njy mart güni irden Tähran bilen dünýäniň alty döwletiniň arasynda barýan gepleşiklerde mart aýagyndaky ahyrky möhletden öň syýasy jarnama kabul edilmegine 90 prosent ähtimallyk bar diýdi.

Aragçi 29-njy martda prinsipde ylalaşyga gelinmegine 50 prosent ähtimallyk bar diýdi.

Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň we Eýranyň baş diplomatlary 28-nji martda ýadro gepleşikleri boýunça syýasy ylalaşygyň esaslaryny kesgitlemek üçin Şweýsariýada duşuşdylar.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federica Mogherini 28-nji martda gepleşýän taraplar ylalaşyk baglaşmaga hiç wagt häzirki ýaly golaý gelmediler diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri gepleşiklere gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlarda ýakyn dosty Edward Kennediniň hatyrasyna guralan çärä gatnaşmak planyny goýbolsun etdi.

Döwlet departamenti 28-nji martda gepleşikçileriň öňünde çynlakaý we kyn işiň galandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG