Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Eýran hyzmatdaşlygy ösdürmeli


Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň müdiri Ý.Amano
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň müdiri Ý.Amano

BMG-niň ýadro meseleler boýunça edarasy Eýranyň ýadro programmasynyň harby ukybyny derňemek boýunça barlaglarynda “çäkli” netije gazanandygyny we Tähran tarapyndan has uly hyzmatdaşlyga zerurlygyň bardygyny aýdýar.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş müdiri Ýukiýa Amanonyň 23-nji martda Waşingtonda geçirilen konferensiýada aýtmagyna görä, Tähran öz ýadro programmasyny saklaýan geçiş ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin agentlik bilen hyzmatdaşlyk edipdir, emma Eýranyň ýadro serişdeleriniň bolup biljek harby ukybynyň möçberini anyklamak üçin synanyşyklarda kynçylyklar bolupdyr.

BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Eýranda ýadro ýaragyny döremek üçin ulanylyp bilinjek partlaýjy serişdeleriň synalmagy baradaky çaklamalary barlaýar. Agentligiň işi Eýranyň dünýäniň alty ýurdy bilen gepleşikleri bilen bir wagtda alnyp barylýar.

XS
SM
MD
LG