Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Parahat plany hödürlenýär


Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýolbaşçylary P.Poroşenko (o), A.Merkel (ç) we F.Hollande (s), Kiýew, 5-nji fewral, 2015.
Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýolbaşçylary P.Poroşenko (o), A.Merkel (ç) we F.Hollande (s), Kiýew, 5-nji fewral, 2015.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland 6-njy fewralda Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine Ukraina boýunça täze parahatçylyk planyny hödürlärler.

Ýewropaly iki lider öz planlaryny Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen Kiýewde 5-ni fewralda maslahat etdiler. Planyň detallary mälim edilmedi, emma Poroşenko planyň gündogar Ukrainada “ok atyşygy bes etmäge” ýardam berjegini aýtdy. Gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda dowam edýän söweşler zerarly adam pidalarynyň sany geçen ýylyň aprel aýynda bäri 5 350-den geçdi.

Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Ukrainanyň prezidenti Poroşenko bilen geçiren duşuşygynda Waşingtonyň diplomatiýany goldaýandygyny, emma Orsýetiň tanklarynyň we harbylarynyň serhetden geçmegine “göz ýummajagyny” mälim etdi.

Kerri ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň separatistlere garşy söweş üçin Ukraina ýarag berip-bermezlik barada tiz wagtda karara geljegini mälim etdi. Moskwa ABŞ-nyň Kiýewe islendik ýarag bermegine howpsuzlyga wehim hökmünde seretjegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG