Ýakynda paýtagt Aşgabadyň käbir mekdeplerinde ene-atalar ýygnaklary geçirilip, onda esasan mekdep okuwçylarynyň özlerini alyp baryşlary barada gürrüň edilip, hususanda ýetginjek gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň köpelendigi, ýaş gyzlaryň käbirleriniň bolsa özlerini “ahlaksyz” alyp barýandyklary barada hem bellendi. Munuň netijesinde resmiler ene-atalardan öz çagalaryna gözegçiligini güýçlendirmegi sorap, olaryň mobil telefonlaryny hem barlap durmaga çagyrdylar.
Eýsem, siz gyzlaryň özlerini alyp baryşlarynda, bu babatda ýörite ýygnak geçirilip, gürrüň etmäge itergi berýän hereketleri görýäňizmi? Bu barada siz näme pikirde?
Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda bu tema boýunça Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow we ýokary bilimini daşary ýurtda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlar Myrat we Bahar bilen söhbetdeş bolduk. Bu tema baradaky garaýyşlaryňyzy, bellikleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz.