Düýn polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoinspektorlary paýtagtyň köçelerinde welaýat nomerli awtoulaglary saklap, olaryň eýeleriniň sürüjilik şahadatnamalaryny hem-de awtoulagyň tehniki pasportyny alypdyrlar. Sürüjiler munuň sebäbini soranlarynda, awtoinspektorlar “ýokardan berlen buýruk, sebäbini özümizem bilemzok” diýip jogap beripdirler.
Awtoinspektorlar ellerinden dokumentleri alnan sürüjilere awtoulaglaryny Çoganlydaky şäherara hususy taksileriň durýan duralgasyna eltmegi tabşyrypdyrlar. Şol ýer şu gün günortana çenli welaýat nomerli awtoulaglardan doldy. Bu duralgada takmynan ýüzden gowrak awtoulag bardy.
Awtoulaglaryň eýeleri hem bu ýere gelipdirler. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoinspektorlary olara düşündiriş ýazmalydygyny tabşyrypdyrlar. Bu düşündirişiň nusgasy duralganyň garawullarynyň jaýlarynyň birinde asylyp goýlupdyr.
Düşündirişde awtoulag eýesi “polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň sözlerine doly we dogry düşünendigini” hem-de “Aşgabat şäheriniň çäginde awtoulagy hapa we goýmasyz ýerde goýmajakdygyny” söz berýär.
Ýöne şol ýerdäki sürüjileriň hiç biri özleriniň näme üçin saklanandygyny bilmeýärdiler. Sagat 12.00 töwereginde, bu duralga polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri gelenlerinde-de, bu sorag aýdyňlaşdyrylmady, ýagny sürüjilere öz awtoulaglarynyň näme üçin saklanandygy düşündirilmedi.
Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri sürüjileriň düşündirişlerini alyp, olary duralgadan bir-birden goýberip başladylar. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäri duralgadan çykmak üçin onuň derwezesine gelen awtoulaglaryň daş görnüşini barlap, sürüjilere bu barada duýduryş berýärdi.
Ulagynyň kuzowynda çyzyjaklar, gara diskler, gara aýnalar bolan sürüjilere bu “kemçilikleri” düzetmelidigi barada dilden duýduryş berildi. Bu hili gözden geçirmeden soň bolsa polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri her bir sürüjä “şähere girmek bolanok” diýip, duýduryş berdiler. Emma bu duýduryşa garamazdan, şähere girseler, olara nähili çäre görüljekdigi aýdylmaýar.
Welaýatdan gelen sürüjileriň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu hili ýagdaý birinji gezek bolanok. Geçen ýylyň ahyrynda hem edil şunuň ýaly ýagdaý bolupdyr. Şonda hem ýüzden gowrak welaýat nomerli awtoulaglar saklanyp, awtoulagyň daşky görnüşi, sürüjileriň paýtagtda özlerini nähili alyp barmalydyklary barada duýduryş berlipdir. Hatda özlerine paýtagtyň içinde görünmezligiň maslahat berlendigini daşoguzly ildeşimiz Ýakup gürrüň berýär.
Ýakubyň aýtmagyna görä, şondan soň welaýatlylaryň Aşgabada gelmegine girizilen çäklendirmeler birneme gowşan ýaly hem bolupdyr. Emma düýn ýene-de welaýat nomerli awtoulaglar saklanyp başlanypdyr.
Bu çäräniň haçan tamamlanjakdygyny hiç kim bilenok. Şu gün irden hem welaýat nomerli awtoulaglar ýokarda agzalan duralga getirilýärdi.
Resmi habar serişdelerinde welaýat nomerli awtoulaglaryň paýtagta girmegine garşy girizilýän çäklendirmeler barada hiç hili düşündiriş berilmeýär.