Eýranyň prezidenti Hassan Rohani nebitiň halkara bahasynyň pese gaçmagynda nebiti öndürýän beýleki ýurtlary aýyplap, olar bu äden ädimlerine “ökünerler” diýdi.
Rohani bu barada 13-nji ýanwarda Eýranyň Buşehr şäherinde eden çykyşynda belläp geçdi.
Geçen ýylyň iýun aýyndan bäri halkara bazarlarynda nebitiň bahasy öňküsinden 60% pese gaçdy. Muňa nebitiň önümçiliginiň artmagy hem-de Ýewropada we Aziýada nebite bolan islegiň azalmagy sebäp boldy. Nebitiň halkara bahasy, hususanda, noýabr aýynyň ahyryna pese gaçdy.
“Nebitiň bahasynyň pese gaçmagyndan Eýran ejir çekse, bilýäňizmi, Saud Arabystany we Kuweýt ýaly nebiti öndürýän beýleki ýurtlar Eýrandan hem has köp ejir çeker” diýip, Rohani öz çykyşynda belledi.