Türkmenistanda şu ýylyň başyndan döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyk haklary bilen bir hatarda, pensiýa haklary 10% ýokarlandyryldy. Resmi metbugatda munuň ýaşaýjylaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin edilýändigi habar berilýär.
Emma şol bir wagtyň özünde käbir pensionerler ýurtda dollaryň gymmatlamagy, şeýle-de bahalaryň ýokarlanmagy netijesinde öz pensiýalarynyň köpelmän, gaýtam öňküsinden 15% çemesi peselendigini aýdýarlar.
Şeýle pensionerleriň biri Lebap welaýatyndan özüni Hudaýberdi aga diýip tanyşdyran ildeşimiz. Ol bu mesele baradaky garaýyşlaryny Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewe gürrüň berdi.