Türkmenistanda Internet barada kabul edilen täze kanunyň bir maddasynda websaýtda çap edilen maglumatlarda ýurduň prezidentini kemsitmekligiň we oňa töhmet atmaklygyň bikanundygy bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berilýär.
Täze kanunda, bu kanun ýurtdaky internet ulanyjylaryň bütin dünýädäki websahypalara erkin girmegini üpjün etmäge niýetlenendir diýilýär.
Şol bir wagtyň özünde kanun ýetginjek ýaşyna ýetmedikleri neşe, temmäki, alkogolly serişdeleri ulanmaga höweslendirýän mazmunly maglumatlara ýa-da maşgala gymmatlyklaryna gabat gelmeýän websahypalara girmegi çäklendirýär.
Şeýle-de, bu kanun Türkmenistandaky internet ulanyjylaryň pornografiýa saýtlaryna girmegini hem gadagan edýär.