Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Nyrh kontrollygy awtoritarizmden gaýdýar"


Baltaş Türsymbaýew,Gazagystanyň ozalky oba hojalyk ministri.
Baltaş Türsymbaýew,Gazagystanyň ozalky oba hojalyk ministri.

Türkmenistanyň hökümeti bazarlarda satylýan elin etiň belli bir kesgitlenen nyrhdan satylmagyny talap edýär we bu talabyň ýerine ýetirilişiniň berk kontrollykda saklanylýandygy habar berilýär. Azatlyk Radiosy elin etiň bahasynyň döwlet tarapyndan kesgitlenmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada Gazagystanyň ozalky oba hojalyk ministri Baltaş Türsymbaýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümeti bazarlarda satylýan elin etiň bahasyna kontrollyk edip, ony öz kesgitlän nyrhynda saklamaga çalyşýar. Bu meselä hatda ýörite gulluklaryň hem ýakyndan gözegçilik edýändigi aýdylýar. Siziň pikiriňizçe, munuň nähili sebäbi bolup biler?

Baltaş Türsymbaýew: Meniň pikirimçe, Türkmenistan awtoritar-diktator režimleriň hataryna girýär we režim hemişe halka özüniň ilaty arzan et bilen üpjün edýändigini görkezmek isleýär. Şu sebäpdenem ol kontrolluk etmäge başlaýar, bazarlarda nyrhlaryň kesgitlenmegine gatyşýar, çäklendirýär, eger kim-kim muňa tabyn bolmasa, olara temmi berýär. Türkmenistanda bu meseledäki esasy sebäp şunda, bu ýerde başga sebäp ýok.

Azatlyk Radiosy: Eger has anygrak aýdylsa, siz bazar mehanizmleri režim tarapyndan bozulýar, şol hem esasy sebäp diýýärsiňiz, şeýlemi?

Baltaş Türsymbaýew: Aýdaly, satyjy we alyjy bar. Satyjy bahany kesgitleýär, alyjy harydy satyn alýar. Eger alyjy harydy satyn almasa, satyjy onuň bahasyny arzanladýar. Eger haryda isleg, talap ýokary bolsa, satyjy bahany ýokarlandyrýar. Muňa bazar mehanizmi diýilýär. Haçanda, siziň ýurduňyzdaky ýaly, bazardaky nyrhlara adminstrasiýa wekilleri, ýörite gulluklaryň wekilleri gatyşýan bolsa, bu ýurtda awtoritar režimiň bardygyndan habar berýär.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistandaky ýagdaý Gazagystandaky bazar şertleri bilen deňeşdirilse, siziň ýurduňyzda bazar mehanizminiň işleýşi nähili? Sizde önüm öndürijiler öz önümlerini bazaryň göteren nyrhyndan erkin satyp bilýärlermi? Ýa-da sizde hem bazaryň nyrhlaryna belli bir derejede kontrolluk edilýärmi?

Baltaş Türsymbaýew: Bizde, Gazagystanda eýýäm köp wagt bäri beýle kontrolluk ýok, bazar bar ondaky nyrhlary haryda bolan isleg we talap kesgitleýär. Ýagny satyjy bar, alyjy bar, bazar mehanizmi bar, bizde bazar mehanizmleri işleýär. Dogry, bir gün et biraz gymmat bolup biler, başga gün ondan arzanrak bolup biler. Hatda bizde etiň bahasy oblastlaryň ýagdaýyna görä hem dürli-dürli, aýdaly, biziň demirgazyk oblastlarymyzda etiň bahasy arzanrak, günortada bolsa gymmadrak. Ol nyrhlara hiç kim kontrolluk etmeýär, bazar kontrolluk edýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan gowuşýan habarlara görä, häzir ýurtda bir tarapdan ilatyň elinde mal bar, emma adamlar hökümetiň kesgitlän nyrhyndan et satmak islemän, mallaryny saklamaga çalyşýarlar. Şol bir wagtda bazarlarda et nobatlary uzaýar. Eger hökümet bazarlardaky nyrhlara kontrollyk etmegi dowam etdirse, munuň ahyr netijesi näme bolar?

Baltaş Türsymbaýew: Diýmek, sizde et ýeterlik öndürilmeýär. Eger döwlet we döwlet organlary gatyşsa, şeýle bir wagt geler, ol has-da az bolar. Sebäbi diýseň, haçanda döwlet organlary gatyşanda, hususan-da baha mehanizmlerine kontrollyk edilende, et öndürijiligi azalar we onuň önümçiliginiň derejesi has aşak gaçar. Mallaryň baş sany azalar. Bu ýerde esasy howp şu ýerde.

Azatlyk Radiosy: Eger döwlet bazarlardaky nyrhlara gatyşmasa, et öndürijiler öz önümlerini bazaryň göteren ýerinden satyp bilseler, olar höweslenip, has köp et öndürer we bazarlardaky nyrhlar bolçulyk esasynda aşak düşer, ýogsa-da et has gytalar, gymmatlar, siz şeýle diýmekçi bolýaňyzmy?

Baltaş Türsymbaýew: Hawa, elbetde, bu şeýle bolar.

XS
SM
MD
LG