Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Maňa haýpyňyz gelsin, ýuwaş boluň


Bir gezek: Maňa haýpyňyz gelsin, ýuwaş boluň.
Bir gezek: Maňa haýpyňyz gelsin, ýuwaş boluň.

Goçy küýsegi

Daýhan birleşigiň başlygy etrap polisiýa departamentiniň başlygyndan “Goňşy obamyzda goçulyk satyp ýören kelpeňi ýenjen banditi tutduňyzmy?” diýip soraýar. Departamentiň başlygy “Ýok, häzir-ä ele salyp bilmedik. Sebäbi ýenjilen entegem özüne gelenok. Ýogsa-da, hany gönüle, nämüçin sen ol bilen gyzyklanýaň?” diýip, onuň üstüne sürnüpdir. Daýhan birleşigiň başlygy:

-Biziň obamyzda-da goçysyrap, il-güne azar berýän biri bar. Goňşy obadaky goçyny ýenjen ýigidi tutsaňyz, türmä basmankaňyz obamyza getiriň! Oňa “Inim, isleseň, “el hakyňy” öňünden al, isleseň tä türmeden çykýançaň yzyňdan gatnaýyn, biziň obamyzdaky goçyny-da suwasalma ýenjip ber” diýip, haýyş etjekdim -diýipdir.

Ata haýyşy

Kakalary çagalaryndan “Isleseňiz buz gaýmak almaga pul bereýin, ýöne birki sagat ýuwaş boluň!” diýip, haýyş edýär. Çagalaryň ekabyry “Kaka, nämboldy, nämüçin beýle el kesip haýyş edýäň?” diýip, haýyşyň sebäbi bilen gyzyklanýar. Kakalary:

-Ejeňiz ýap-ýaňy uklady. Gohuňyza oýanmagy ahmal. Oýansa “Nahary eýle bişiripsiň, gap-gaçlary düzüw ýuwmansyň, öýi çala süpüripsiň” diýip, igenip başlar. Gaýrat ediň, ýuwaş boluň, menem birsellem dynç alaýyn -diýip, çyny bilen ýalbarypdyr.

Eliňi-de alyp git

Iki ülpet meý-mest bolýança şerap içýär. Olaryň biri “Men-ä gitdim” diýip, ýerinden turýar. Birki ädim ädip, yzyna öwrülýär. “Eşidýäňmi, men-ä gitdim” diýip, ülpedine elini uzadýar. Bu hereket iküç gezek gaýtalanýar. Oturan ýerinden turup bilmän oturan serhoş gitmekçi bolýan ülpetine:

-Gitseň, ýoluň ak bolsun, ýöne eliňi-de alyp git -diýipdir.

Çyn dost geňeşde belli

Biri “Arak-şeraba aňymy aldyryp, halys yzymdan ýetdirdim. Beýdip ile wejara bolanymdan, janyma kast edip, özümi öldürjek. Özümi nädip heläklesem gowy bolar?” diýip, dostyna sala salýar. Dosty:

-Gelen netijäň dogry. Deslap arak almaga pul dileýäň. Ýokdan bar edip, pul berýäs. Serhoş bolup köçä çykýaň. “Masgara bolup ýörmesin” diýip, köçeden ýygnaýas. Aýalyňa ýalbar-ýakar edip, öýüňe salýas. Garaz, dirilikde azar ýamanyny berdiň. Özüňi atyp ýa-da asyp öldürseň, seni gonamçylykda jaýlamaly bolarys. Gowusy, amatyny tap-da özüňi haýwanat bagynda gaplaň saklanýan gözenege okla! Goý, seni gaplaň iýsin. Şonda sen-a “Özüni heläkläpdir” diýen gybatdan, bizem seni jaýlamak azabyndan halas bolýarys -diýipdir.

Il içinden çöplän, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG