Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Ölmersiň diýip gorkýan


Karikatura.
Karikatura.

Penjegiňi aýaýan

-Berdi, nämüçin meň plaşymy geýýäň? -diýip, student kursdaşyna igenýär. Kursdaşy:

-Ýap-ýaňy “Söýgüliň bilen duşuşyga barýan bolsaň, ütülen ördek ýaly bolup barma! Gowusy, meniň penjegimi geýip git” diýdiň. Howa garalyp dur. “Birden ýagyş ýagsa, penjegiň zaýalanmasyn” diýip, üstünden plaşyňy geýip durşum -diýipdir.

Deňme deň söwda

-Goňşy, uzakly gün mellegiňde işleýäň. Mellegiňe çykyp, işläp ugranyňy gördügi aýalym “Daşara çyk-da äňet, nepini bilýän goňşymyz melleginde hars urýar. Sen bolsa telewizeriň öňünde agynap ýatyrsyň” diýip, igenip başlaýar. Igenje çydaman menem mellegimde işlemeli bolýaryn. Goňşy, gaýrat et-de mellegiňde azyrak işlesene -diýip, goňşusyna ýalbarypdyr. Goňşusy:

-Beýle bolsa, senem maşynyňy sat! Aýalymyň igenji galar, menem mellekde işlemen -diýipdir.

Soňky haýyş

Agyr ýatan hassa başujuny alyp oturan aýalyna “Keseliň şu gezek çyny. Sanalgym dolmanka boýun al, maňa dönüklik etdiňmi? Çynyňy aýt, günäňi geçeýin” diýipdir. Aýaly dymypdyr. Hassa sowalyny ýene-de gaýtalapdyr. Aýaly dymypdyr. Hassa sowalyny üçünji gezek gaýtalapdyr. Aýaly:

-Birden ölmän diri galsaň, dat günüme! Gowusy, şu sowaly berme -diýipdir.

Minnetdarlyk

Oglunyň mekdepden şadyýan dolanyp gelenini gören kakasy “Oglum, arifmetika dersinden ahyry oňat baha alansyň-ow” diýýär. Ogly:

-Ýok, arifmetikadan ýene-de ikilik aldym. Ýöne şu gün mugallym meni klasyň öňüne çykarypdy. “Dogruçyllykda Atdaýewden görelde alyň” diýip, meni öwdi -diýýär. Begenen kakasynyň öwgüniň sebäbi bilen gyzyklanyp beren sowalyna:

-Uly arakesmede penjiräniň aýnasyny döwenimi boýun aldym. Wiý, tas undan ekenim, mugallym seni gyssagly mekdebe çagyrýar. Ol “Kakaňa aýt, döwen aýnaňy öz hasabyna şu gün saldyrsyn” diýdi -diýip, jogap beripdir.

Edeplilik

Kempir “Ony et, muny etme!” diýip, gojasyna (ärine) igenýär. Goja “Ejeň halys ýürege düşdi. Oňa “Haý” diýip, ýigit çykan oglundan haraý gözläp, haýyş edýär. Ogly:

-Eşidip, görüp durun, kaka! Ýöne özüň “Är-aýalyň, iki doganyň dawasyna goşulma” diýip, müň bir sapar öwüt etdiň. Seň öwüt-ündewiňi bozmaga ejap edýärin. Şeýtsem ata pendini tutmadyk biedep ogul bolaryn -diýip, gapa tarap ýönelipdir.

Il içinden çöplän, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG