27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde-de Türkmen respublikasynyň düýbüniň tutulanyna şu ýyl 90 ýyl dolýar.
Emma Türkmenistanyň resmi metbugatynda ýurduň garaşsyzlygyndan öňki ýyllar, has dogrusy geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistan respublikasynyň emele gelmeginde uly rol oýnan adamlar barada o diýen maglumatyň berilmeýändigini käbir ýerli ýaşaýjylar we synçylar aýdýarlar.
Eýsem, siz garaşsyzlykdan öňki ýyllardaky taryhy şahsyýetlerden kimleri, olaryň öz ugrunda eden işleri hakda näme bilýärsiňiz?
Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, bellikleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz. Şeýle-de, öz garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Munuň üçin biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň.