Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Eýranyň goranmak ministri Hosseýin Dehgani kabul etdi. Resmi habar serişdelerinde myhman bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilendigi aýdylýar.
Bu gepleşikler türkmen lideri Duşenbede, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti mahalynda eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen duşuşandan soň geçirildi.
Azatlyk radiosy iki goňşy ýurduň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň mümkin bolan gerimi barada Angliýadaky Glazgow uniwersitetiniň professory, Eýran we Ýakyn Gündogar, şeýle-de regional howpsuzlygy boýunça ekspert, syýasy analist Mohammad Reza Tagizade bilen söhbetdeşlik gurady.
Azatlyk Radiosy: Eýranyň goranmak ministri 1991-nji ýyldan bäri birinji gezek Türkmenistana sapar edip, prezident G.Berdimuhamedow bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygy barada gepleşik geçirdi. Siziňçe, bu hyzmatdaşlyk nämeleri öz içine alyp biler?
Reza Tagizade: Siziň hem aýdyşyňyz ýaly, bu Eýranyň goranmak ministri tarapyndan Türkmenistana 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolaly bäri edilen ilkinji sapardyr. Bilnişi ýaly, Eýran harby tehnika öndürmäge we olaryň käbirini goňşulara we beýleki ýurtlara eksport etmäge ukyply hem bolsa, onuň bu hili harby enjamlary eksport etmekligi gadagan.
Jenap Rohaniniň Eýran harby enjamlary beýleki ýurtlara hem satyp biler diýendigine garamazdan, Tährana garşy girizilen sanksiýalar zerarly, Eýran kanun esasynda harby enjamlary eksport edip bilmeýär. Emma Eýranda harby tehnikany ulanmak we harby güýçlere tälim bermek tejribesi bar. Olaryň Türkmenistana teklip edýän zady hem şulardan ybarat.
Ýöne mundan başga, umumylykda alnanda, Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň howpsuzlyk aspektiniň güýçlenmegini isleýär. Sebäbi Eýranyň üç sany goranyş teklibi bar. Birinjiden, bu ýurtlary olaryň garaşsyzlygyna wehim salyp biljek terrorçylaryň we beýleki guramalaryň girmeginden goramak.
Şeýle-de Eýran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasynyň goralmagyny öňe sürýär. Mundanam başga, Eýran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gury ýer we suw araçäkleriniň üçünji bir tarap tarapyndan beýleki ýurtlara garşy hüjüm etmek üçin ulanylmazlygyny isleýär. Eýran Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Türkmenistana neşe gaçakçylygyna garşy durmakda hem kömek teklip edýär.
Azatlyk radiosy: Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bitarap ýurt, şol bir wagtda türkmen goşuny esasan rus harby tehnikasyna daýanýar diýlip bilinýär. Tähran bilen Aşgabadyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy sebitde nähili kabul ediler?
Reza Tagizade: Men bu ýagdaýa Orsýetiň nähili garajagyny bilemok. Sebäbi Eýran bilen Türkmenistanyň harby hyzmatdaşlygy örän ynjyk meseleleriň biri. Orsýetiň bu hili hyzmatdaşlygy goldajagy örän gümana. Emma muňa garamazdan, Eýran özüniň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär.
Şol bir wagtda Eýranyň goranmak ministriniň Türkmenistana sapar etmeginden hiç kim uly bir duýarlykly zada garaşmaly däl bolsa gerek. Ýagny bu hyzmatdaşlyk, hakyky harby hyzmatdaşlyga garanda, has köpräk ýagdaýda simwoliki häsiýete eýe bolar.