Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-ŞHG: Hyzmatdaşlyk nähili bolup biler?


ŞHG-niň 12-nji sentýabrda Duşenbede geçirilen sammitinden bir pursat.
ŞHG-niň 12-nji sentýabrda Duşenbede geçirilen sammitinden bir pursat.

Türkmenistan “Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy” bilen howpsuzlyk boýunça aktiw hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdi. Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ŞHG-niň 12-nji sentýabrda Duşenbede geçirilen sammitinde bu gurama bilen parahatçylygy, halkara we regional howpsuzlygy pugtalandyrmak we häzirki döwrüň howplaryna garşy durmak meseleleri boýunça “aktiw hyzmatdaşlyga biz taýýar” diýdi.

Gazagystany, Gyrgyzystany, Orsýeti, Özbegistany, Täjigistany we Hytaýy agza hökmünde, Mongoliýany, Eýrany, Pakistany, Hindistany we Owganystany synçy statusynda öz düzümine alýan ŞHG-niň anna günki sammitine Türkmenistan myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmenistanyň bu gurama bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna häzirki wagtda nähili mümkinçilik bar? Azatlyk Radiosy orsýetli garaşsyz harby bilermen Aleksandr Golts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: ŞHG-niň çäklerinde özüne agza bolmadyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga nähili mümkinçilik bar?

Aleksandr Golts
Aleksandr Golts

Aleksandr Golts: Türkmenistanyň häzirki režiminiň öz aýratynlyklaryna garamazdan, ŞHG-ä agza ýurtlaryň ýerleşýän regionyna mahsus howplar Türkmenistana hem deň derejede abanýar. Umumy howpuň dörän ýagdaýynda bu gurama howpsuzlyk meselesi boýunça islendik režim bilen hyzmatdaşlyk edip bilýär. Elbetde, ýurduň ŞHG ýa-da Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň agzasy bolmagy şeýle hyzmatdaşlygy aňsatlaşdyrýar, emma howpsuzlyk meselesiniň zerurlygy ýüze çykan halatynda hyzmatdaşlyk üçin ylalaşyklaryň aýratyn bir formatyny tapyp bolýar.

Azatlyk Radiosy: ŞHG bu gurama agza ýa-da synçy statusy bolan ýurtlara näme berýär?

Aleksandr Golts: ŞHG agza bolmaklyk guramanyň ähli hereketlerine giň derejede gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ŞHG-nyň ilkinji nobatda ykdysady taýdan uly planlary bar.

Agza döwletleriň ykdysady problemalaryny çözmek üçin maliýe institutlary döredilýär. Terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak boýunça dürli çäreleriň üstünde işlenilýär. ŞHG agza döwletler bir-birine harby-tehniki ýardamyny berýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häzirki wagtda ŞHG bilen howpsuzlyk meselesinde hyzmatdaşlygy aktiwleşdirmäge isleg bildirmegi näme bilen bagly bolup biler?

Aleksandr Golts: Meniň pikirimçe, halkara koalisiýasynyň goşunlarynyň Owganystandan gaýtmagy bilen baglylykda regionyň ähli ýurtlarynda belli bir howatyrlanmalar bar. Sebäbi Owganystandaky “agressiw yslam” diýilýän ýagdaýyň öňki Sowet Soýuzynyň Merkezi Aziýa respublikalaryna tizden-tiz ýaýramak howpy bar.

Azatlyk Radiosy: ŞHG-sy howpsuzlyga degişli regional hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, durnuklylygy üpjün etmek, terrorçylyga, jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly maksatlary öz öňünde goýýar. Gurama häzirki wagtda bu maksatlaryny Merkezi Aziýada iş ýüzünde üpjün etmäge näderejede ukyply?

Aleksandr Golts: Bu örän çylşyrymly mesele sebäbi, bilşimiz ýaly, guramanyň esasy agzalarynyň biri Hytaý, howpsuzlyk meselesine gezek gelende, öz üstüne islendik jogapkärçiligi almakda seresaplylyk görkezýär we çetde galmaga synanyşýar.

Şu sebäpden ŞHG-niň howpsuzlyk taýdan alyp barýan işleri terrorçylyga garşy göreş meselesi bilen, ýagny informasiýa alyş-çalyş merkezlerini döretmek we terrorçylyga garşy bilelikde harby türgenleşikleri geçirmek ýaly çäreler bilen çäklenilýär.

Emma regionda howpsuzlyk bilen bagly has dartgynly ýagdaýyň emele gelen halatynda ŞHG-niň mehanizminiň regional howpsuzlygyň harby taýdan üpjün edilmegi ugrunda iş alyp barmak mümkinçiligini hem aradan aýyrmaly däl.

XS
SM
MD
LG