Mugallym – bu adam ömründäki ata-eneden soňraky iň belent ynsan bolsa gerek. Ömür sepgitlerinde, onuň aýratyn orny bar. Şonuň üçin ol barada örän ajaýyp sözler aýdylýar. Megerem, şol aýdylýanlaryň bary ýerlikli bolup, mugallym uly hormata mynasypdyr.
Ata-ene ynsana ömürlik hemra bolýar. Dirilikde ýaşasalar-da, ýaşamasalar-da olaryň edebi, göreldesi, häsiýeti, durmuş ýörelgesi ynsana ýol görkezýär. Mugallym bolsa seniň az wagtlyk ruhy hemraňdyr. Şol az wagtda-da bütin ömre ýeterlik täsir ýetirip bilýär.
Mugallymyň hyzmatyny bahara – ýaza deňemek mümkin, onda-da hut türkmeniň baharyna.
Bahar jomart hem bolup biler, gurak hem. Baharyň gelşi köp halatda tutuş ýylyň derejesini kesgitleýär. Ýaş ynsanyň ömründe mugallymyň hyzmaty-da şeýle.
Arassa hünär
Bir gezek uly hünärler barada gürrüň boldy.
Kimdir biri bir hünäriň gowudygy, onuň artykmaç taraplaryny öňe sürdi. Beýleki biri bolsa ol hünäriň kemçiligini, has beteri-de, ol ýerde eli egrilik edip bolýandygyny aýtdy.
Beýleki bir hünärde korrupsiýa üçin şertiň köpdügini mälim etdiler.
Bir takwa adam mugallymçylyk ýaly arassa hünäriň ýokdugyny aýtdy.
Mugallyma para-peşgeş berilmeýär. Mugallym öz garyndaşyny işe-wezipä-de çekip bilmeýär. Iň arassa hem halal nany mugallym gazanýar.
Hünärler baradaky jedel tamamlandy. Eýsem kim mugallymyň zähmetine şek ýetirjek? Ýöne bu meseläniň gutarnykly çözgüdi däldi. Şol arassa hem halal nany mugallymlaryň hersi özüçe gazanýar ahyryn.
Ýaşlykda okuwça nähili mugallym duşsa, ol şol ugur boýunça bilimini ýaýbaňlandyryp bilýär. Beýleki biri bolsa okuwçyda bilime bolan ýigrenji döredýär.
Ilkinji mugallym
Biziň matematika mugallymymyza Sapar Annagylyjow diýýärdiler. Ol matematika hem çyzgy sapagyndan okadýardy. Ýokary klasda astronomiýa sapagy-da onuňkydy.
Her bir täze sapagy janygyp düşündirýärdi. Ony bir-iki gezek gaýtalansoň, täze sapagy ökde okuwçydan soraýardy. Eger ol aýdyp bilmese, ýaňadan gaýtalamaly bolýardy. Ökde okuwçy aýdyp bilse, ondan zehini pesräk bolan okuwçydan soraýardy. Soňra has pesräklerden.
Onuň üçin berlen işi ýa-da meseläni çözmek ýeterlik däldi. “Geple!” diýip talap edýärdi.
Şeýlelikde, okuwçy berlen meseläni çözmezden öňürti onuň nädip çözülýändigini düşündirmelidi.
Sapar Annagylyjowyň okadyş usulynyň beýleki bir geň tarapy, ol çyzgydan ýa-da astranomiýadan o diýen sapak geçmezdi-de, ýene matematika sapagyna dolanyp, öýe berlen ýumşy gaýtaladýardy ýa-da gowşak okuwçy bilen kök almak ýaly ýönekeý matematiki kadalary gaýtalaýardy. Matematika berlen wagt onuň üçin azlyk edýärdi.
Beýleki mugallym
Beýleki mugallym anatomiýadan, biologiýadan hem himiýadan okadýardy. Onuň esasy hünäri himiýa bolsa gerek diýip çak edýän.
Bu mugallymdan biziň ilkinji öwrenen zadymyz parazit diýen söz boldy. Sebäbi okuwçylara şeýle diýip käýeýärdi.
Anatomiýa bilen biologiýany her niçik-de bolsa okap geçdik. Ýöne himiýa gezek gelende, biziň işimiz gaýtdy.
Okuwçylar himiki elementleriň atlaryny hem ýazylyşyny ýatlap bilmeýärdi. Bir himiki elementiň beýlekiden tapawudyna düşünmeýärdiler. Aýratynam organiki himiýany öwrenmek kyndy. Mugallymdan eşidýänimiz bolsa parazit sözüdi.
Netijeler
Mekdebi gutarýanlaryň köpüsi öňki Oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa fakultetine synanyşýardy. Sebäbi ol ýerde okuwyň köp bölegi matematika bolansoň, bäsdeş az diýýärdiler.
Obamyzyň oglanlarynyň beýleki bir ýüz tutýan ýeri Politehniki instituty hem uniwersitetiň ýa-da pedinstitutyň matematika, fizika fakultetleridi.
Şeýlelikde, obamyzda sany ýylyň içinde bu ugurlardan köp hünärmen ýetişdi. Halk hojalygyny elektrikleşdirmek boýunça inženerler, graždan gurluşygy, oba hojalygynyň mehanizasiýasy hem gidromeliorasiýa boýunça inženerler, radio hem aragatnaşyk ugurlary boýunça inženerler, matematikadan ýokary bilimli mugallymlar ýetişdi. Moskwanyň Atomobil Ýol gurluşygy institutyny gutaryp gelen boldy. Olar ýurduň düli künjeklerinde, şol sanda Orsýetde işlediler.
“Matematika sapagyndan haýyr görenler 10 manatdan pul jemleseler, Sapar Annagylyjowa altyndan heýkel gurup bilerler” diýen gürrüň ýaýrady.
Şol wagtyň özünde obamyzdan ýeje-de medisina işgäri çykmady. Hiç kim Medisina institutynyň gapysyndan barmady. “Pylany Medinstituta synanyşyp girip bilmändir” diýen gürrüň hem bolmady. Obamyzdan orta bilimli medisina işgäri-de ýetişmedi. Sebäbi ol okuw jaýlarynda sapaklar anatomiýadan, biologiýadan, esasan-da himiýadan geçilýärdi.
Okuwçylara parazit diýýän mugallym garrylyk ýaşyna ýetip, pensiýa çykýança, onuň ugrundan hiç kim ýokary bilim almady.
Biziň uly obamyz bar. Ol şäheri etekläp otyr. Tä soňky ýyllara çenli ol obadan hiç bir wraç, himik ýa-da biolog ýetişmedi.
Öňki zamanda derejeli adamlar çagasy üçin mugallymy özi saýlar ekeni. Biziň döwrümizde ol okuwçynyň bagtyna bagly boldy.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylýan pikirler awtoryň özüne degişli.