Tegelek stol: Saglyk içýän suwuňda
"Adam nähili suw içse, onuň şolar ýalam saglygy bolýar. Eger-de adam gereginden artyk minerallaşan suwy içse, onda adamyň böwreginde daş döreýär, onuň bagry zaýalanýar" diýip, Türkmenistanda agyz suwy we saglyk baradaky söhbete gatnaşan synçylar aýdýarlar. Ýazyjy Akmuhammet Welsaparyň pikirine görä, suwuň minerallaşmagy hem zäherlenmegi ýurtda ýokanç keselleriň möwjemegine getirýär. Ol Türkmenistanda şol zatlary söwet döwründe görendigini we bu ýagdaýyň häzirki wagtda-da dowam edýändigini öňe sürýär. Türkmenistanda agyz suwy hem saglyk barada ýerli synçylar, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Türkiýede ýaşaýan türkmen biznesmeni Akmuhammet Baýhanow, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallyýew dagynyň gatnaşmagynda gurnalan söhbetdeşligi diňläp, öz pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.
Epizodlar
-
Iýun 12, 2014
Tegelek stol: Polat ýolda bilet ýok
-
Iýun 05, 2014
Tegelek stol: Dymmagyň sebäpleri näme?
-
Maý 29, 2014
Tegelek stol: Bankda ýitirilen pullar
-
Maý 22, 2014
Tegelek stol: "Magtymguly" diýip, adym tutsalar...
-
Maý 15, 2014
Tegelek stol: Türkmen oppozisiýasy we hakykat
-
Maý 08, 2014
Tegelek stol: Mugt ýangyjyň soňy we güzeran gaýgysy