Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Men öläýsem, näme bolar...


Adamyň skeleti. Karikatura.
Adamyň skeleti. Karikatura.

Ýaş zehin

50 ýyl çemesi döredijilik bilen meşgullansa-da kämillige ýetip bilmedik, goşgulary metbugatda “ýaş şahyr” diýen tirkeg bilen çap edilýän bir körzehin “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň poeziýa bölüminiň müdiri ussat şahyr Mämmet Seýidiň ýanyna gelýär. Saglyk-amanlyk soraşmazdan ozal “Mämmet, sen menden on ýaş dagy ýaşkiçi, ýöne menden garry görünýäň. Şu aýdýanym rastmy?” diýýär. Mämmet aga:

-Rast, juda rast! Bize getirýän goşgularyň-da oňa güwä. Olar elli ýyl ozal, ýetginjek wagtyň ýazan goşgularyň ekiztaýy. Seni begendiribem biljek. Žurnalyň indiki sanynda on sany ýaş şahyryň goşgusyny “Ýaşlaryň döredijiligi” diýen rubrikada çap edýäris. Olaryň dokuzysy döredijilige ýaňy gelen ýaşlar. “Deň-duşlaryndan üzülip galmasyn” diýip, seňem bir goşgyňy goşdum- diýipdir.
Öz-özüne gop berip, gomparyp ýören körzehin kinaýa düşünmändir. Ol:

-Sag bol, Mämmet! Geçen aý ýazan goşgylarymy getirdim- diýip, galyň papkany uzadypdyr.

Ynjyk sowal

Ýazyjy Çary Matalowyň “Türkmenistan” neşirýatynda baş redaktor bolup işleýän döwri körzehin ýazyjynyň biri onuň iş otagyna baryp “Sen bahyl adam. Goşgular ýygyndymy neşirýata tabşyralym bäri bäş ýyl geçdi. “Indiki ýyl göz öňünde tutarys” diýýäň, ýöne neşirýatyň önümçilik planyna goşaňok. Öňüme böwet basyp, agyr ruhy urgy urýaň. Bu zatlara çydaman, birden ýüregimden tutup öläýsem, näme boljagyny bilýärmiň?” diýip, goh edipdir.

Çary aga gaharyna basalyk berip:

-Edebiýat meýdany biraz giňär. Ol häzir sen ýaly “uly zehinlilerden” doly- diýipdir.

Maňa-da getir

XX asyryň 70-nji ýyllarynyň II-nji ýarymynda žurnalist Hojamyrat Eýeberdiýew Türkmen telewideniýesiniň direktorydy. Ýazyjy Güjükdurdy Çolukow baş redaktordy. Men Güjükdurdynyň orunbasarydym. Günlerde bir gün Hojamyrat aga Güjükdurdy ikimizi iş otagyna çagyryp, efire berlen bir gepleşik üçin igenip başlady.

Pessaý başlanan igenç barha möwjäp, gohly jedele ýazdy. Güjükdurdy gepleşigiň gowşak gepleşik däldigini aýdyp, sesine bat berýärdi. Hojamyrat aga onuň aýdýanlaryny ret edip, stol ýumruklaýardy. Jedel, goh uzaga çekdi. Güjükdurdy ýokary gan basyşdan hem-de ýürek agyrysyndan ejir çekýärdi. Ol uzaga çeken goha çydaman:

-Hojamyrat, iş otagyma baryp, derman içip gelmesem boljak däl, halys egbarladym- diýdi.

Iki ýaşulynyň kiçi zadyň üstünde edýän uly jedeline haýpym gelýärdi. Ýöne ýaşkiçi, üstesine-de wezipesi kiçi bolanym üçin dymýardym. Aýagy bilen üste gelen pursady duşdan geçirmedim:

-Agalar, indi gyzyşyp ugradyňyz. Dawaňyzy dowam ediberiň! Güjükdurdyň derman goýýan ýerine belet, dermany özüm getirerin-diýdim.

Hojamyrat aga-da Güjükdurdynyň ejir çekýän dertlerinden ejir çekýärdi. Ol “Amanmyrat, meňem dermanym gutarypdyr. Güjükdurda getirjek dermanyňdan maňa-da getir” diýdi. Soňra-da öz sözüne özi gülüp ugrady. Derman getirmek geregem bolmady.

Toplan we taraşlan Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG