Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fomin: Türkmen futboly dünýä çykman ösmez


Türkmen futbolçylary
Türkmen futbolçylary

Sport ugrundan asly türkmenistanly şahsyýetleriň birnäçesi, şol sanda futbol trenerleri Waleriý Nepomnýaşiý we Gurban Berdiýew şu günki gün futbol boýunça halkara derejede tanalýan adamlar.

Türkmen futbolynyň geçmişde nähili aýratynlyklary bardy? Türkmenistanda futbolyň düýnki we şu günki ýagdaýlary, şertleri näderejede tapawutlanýar?

Azatlyk Radiosy 1970-nji ýyllaryň aýagynda Aşgabadyň FŞM futbol mekdebiniň müdiri bolan we yz ýany Sport ussatlarynyň respublikan mekdebinde işlän Anatoliý Fomin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň öz futbol mekdebi barmy, ýogsa-da öň barmydy?

Anatoliý Fomin: Türkmenistanda futbol mekdebi bardy we ol häzirkisinden has gowudy. Türkmenistanyň ýaşlar futbol mekdebi, meselem, 1970-nji ýyllaryň aýagynda Sowet Soýuzy boýunça 78 mekdebiň arasynda dördünji ýeri eýeläpdi. Soň olimpiýa rezerwi diýlen derejä eýe bolupdy. Çagalaryň we ýaşlaryň futbol mekdebi bizde ösen derejededi. Her bir welaýatda her bir şäherde çagalaryň birnäçe sport mekdebi bardy. Futbol wagyz edilýärdi. Ulylaryn futboly uly ösüşe eýe bolmadyk hem bolsa, çagalaryňky ösüpdi. Meniň pikirimçe, bu ýerde tebigy aýratynlyklar hem bar, günorta ýurtlaryň ýaşaýjylary topy örän gowy oýnaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Anatoliý Petrowiç, siziň pikiriňize görä, netijeli futbol mekdebi nähili bolmaly? Futboly ösdürmek üçin näme zerur?

Anatoliý Fomin: Iň esasy zat, oňa döwlet derejesinde ähmiýet berilmeli. Mekdeplerde sport üçin şertleriň, çagalar üçin sport mekdepleriniň döredilmegi, kadaly işlemegi üçin ýeterlik pul goýbermeli. Futbolçylaryň ýaryşlara gatnaşmagy üçin şert döretmeli. Sebäbi sportçylar näçe türgenleşseler-de, eger olar resmi ýaryşlara gatnaşmasalar, ösüş bolmaýar.

Türkmenistanyň şertlerinde sportçylaryň ýygy-ýygydan ýurduň daşyna çykmagy zerur. Sebäbi Türkmenistan kiçi ýurt bolansoň, diňe welaýatlaryň derejesinde ýaryşmak we käwagt ýurduň içinde ýaryş geçirmegi ýeterlikli däl. Şonuň üçin halkara ýaryşlara gatnaşmak we daşary ýurtlara gidip bäsleşmek ösüşiň zerur şerti. Sportçylar bir ýerde otursa, ösüp bilmeýär. Çaga futbolyny ösdürmeli çagalary 8 ýaşdan sporta alyp başlamaly. Sport mekdepleriniň sanyny artdyrmaly. Bu çäreleriň netijesi diňe bir sport taýdan ösüş gazanmak bilen çäklenmeýär, munuň terbiýeçilik we watanperwerlik üçin hem uly ähmiýeti bar.

Azatlyk Radiosy: Futbolyň halk arasyndaky meşhurlygy sportyň bu görnüşiniň ösüşine täsir edip bilýärmi?

Anatoliý Fomin: Men bir mysal getireýin, Sowet Soýuzynyň ýygyndysy 1960-njy ýyllaryň başynda Braziliýa baranda, beýik sowet futbol ussady Sergeý Salnikow Kopakabana plýažynda top oýnap, dürli maşklary ussatlyk bilen ýerine ýetirende, onuň daşynda garap duran ýerli oglanjyklar hem şol maşklary gaýtalap, uly ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Bu bolsa ady belli futbolçynyň uly ýaşda toplan tejribeleriniň Braziliýanyň köçedäki çagalary üçin çagalykdan bellidigini görkezýär.

Türkmen çagalary hem zehinli. Olara şu günki gün islän wagtynda arkaýyn baryp futbol oýnamak üçin meýdançalar bolmaly, gyzgyn çägede aýakýalaňaç futbol oýnap bolmaýar, çaglara aýakgap gerek. Emma maňa mälim bolşuna görä, şu günki gün Türkmenistanda futbol bilen meşgullanýan çagalaryň üpjünçiligi doly ene-atalaryň üstüne düşýär. Çagalar ýaryşlara gitjek bolanlarynda-da ene-atalara agram düşýär. Geçmişde bolsa çagalaryň sport syýahatlary sport mekdepleriniň hasabyna amala aşyrylýardy. Bäsdeşliklere dürli ýaşly çagalar gatnaşýardy.

XS
SM
MD
LG