Mälim bolşy ýaly 12-nji iýunda Braziliýada futbol boýunça nobatdaky Dünýä çempionaty başlandy. 12-nji iýunda "Adobe Systems" websahypasy gürrüňi gidýän ýaryş barada öňünden öz çaklamalaryny ýaýratdy. Bu sahypanyň çaklamalaryna görä, şu ýyl Braziliýada geçirilýän Dünýä çempionaty sosial ulgamlarda iň köp gürrüňi edilen sport ýaryşy bolar.
Bu websahypanyň ýaýradan başlangyç netijelerine görä, futbol boýunça Braziliýada geçýän Dünýä çempionaty barada sosial ulgamlarda iň köp gürrüň edýän ýurtlaryň arasynda 37% bilen Ýaponiýa birinji orunda, 11% bilen Beýik Britaniýa ikinji orunda, Braziliýa-da 9% bilen üçünji orunda ýerleşdirilipdir.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Germaniýa, Günorta Koreýa, Indoneziýa, Fransiýa, Nigeriýa we Ispaniýa ýaly ýurtlar başky agzalan ýurtlaryň yzyndan barýarlar.
Futbol boýunça Braziliýada geçirilýän Dünýä çempionaty geçen hepdede entek türkmen ýaşlarynyň arasynda sosial ulgamlarda o diýen gürrüňi edilen tema bolmandyr. Emma futbol boýunça geçirilýän Dünýä çempionaty barada bolmasa-da, geçen hepde türkmen ýaşlary käbir sosial ulgamlarda Türkmenistan bilen ilteşikli geçirilen pikir soralyşyklara işjeň gatnaşypdyrlar.
"Vkontakte"
"Vkontakte" sosial ulgamyndaky bu pikir soralyşykda türki dilli döwletleriň paýtagtlarynyň arasynda iň gowy şäher saýlanmaga çalyşylýar. 15-nji iýunda "Ýurtlaryň dostlugy" atly topar tarapyndan açylan bu pikir soralyşykda Azerbaýjanyň paytagty Bakuwyň, Gazagystanyň paýtagty Astananyň, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň, Türkiýäniň paýtagty Ankaranyň, Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň suratlary ýerleşdirilip, olaryň haýsy iň gowy şäher diýlip soralýar.
Pikir soralyşygyň 19-njy iýundaky netijelerine görä, 281 adamyň sesini alan Aşgabat birinji, 255 adamyň sesini alan Baku ikinji, 80 adamyň sesine mynasyp bolan Astana üçünji orunda ýerleşdirilipdir. Daşkent, Ankara we Bişkek olardan yza galýarlar. Bu pikir soralyşyga jemi 713 adam gatnaşyp, ses beripdir.
"Ertir.com"
"Ertir.com" sosial ulgamynda bolsa, Pirim atly agza tarapyndan gozgalan "Bir günlük görünmeýän adam bolsaňyz, näme ederdiňiz?" atly tema agzalaryň arasynda iň köp gyzyklanma döreden temalaryň biri bolupdyr. 17-nji iýunda gozgalan bu temada: “Kyn görmese, her kim öz pikirini ýazaýsyn-da" diýlip, temany gozgan agza "Men özüm-ä birje gün görünmeýän adam bolsadym, kel dekanmyzyň kellesine gowja bir şarpyk urmak islärdim" diýip, ilki bilen öz jogabyny galdyrypdyr.
Bu tema ilki bolup teswir ýazan Pöwrize atly agza "ONG (ýagny, kimdir biriniň) ýanyna baryp, meniň ýok ýerimde ozüni nähili alyp barýar diyip, hereketlerini yzarlardym" diýip, özüniň şeýle täsin mümkinçiligi nähiliräk ulanjakdygyny bildiripdir.
Emma bu agza ONG diýende, kimi göz öňünde tutýandygyny aýtmandyr.
Gatsby atly agza "Bank talardym :) Şeýtseň, näderkä?" diýip, bu soraga hem jogap, hem sorag ýazypdyr. Afrodita atly agza: "Oho, bu soragyñ jogaby mende gaty kän! Ekzamende haýsy bilediň nirde durandygyny görerdim, öýde meni gorkuzyp, hemişe ýüregimi ýarýan bandit jigilerimiñ gowy edip, emini bererdim" diýip, öz garaýşyny degişme äheňinde beýan edipdir.
Älem-jahan atly agza bolsa: "Illeriň men hakdaky pikirini bilerdim, ýagny başga ýerde men hakda näme gürleýärler - şolary bilerdim. Ondan başga-da, mugallymdan ekzamenleriň jogabyny alardym. Aý, baram arzuw boldy bolany, aýtsaň göwnüňi hoşlap, aýdyp oturybermeli" diýip, özüni bal kölüne batmakdan saklamaga çalşypdyr.
Bu tema 23-nji iýuna çenli 832 sapar okalyp, 33 gezek hem halanypdyr we oňa jemi 77 sany teswir ýazylypdyr.