‘Men Orsýeti hiç wagt bagyşlamaryn’
Aly Alyýew maşgalasy bilen mal daşalýan wagona basylyp, Krymdan sürgün edilende 14 ýaşyndady. Sowet hökümeti 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda 230 müňden gowrak krym tataryny, nasistler bilen hyzmatdaşlyk diýilýäne kollektiw jeza hökmünde, dogduk mekanyndan sürgün etdi. Alyýew 70 ýyl soň şonda gören görgülerini ýatlaýar.