Ýaňy-ýakynda “eBizMBA.com” websahypasy adamlaryň ünsüni has köp çekýän dünýäniň iň öňdebaryjy 15 sany sosial ulgamy we olara her aýda girýän ulanyjylaryň sanawy barada maglumatlary çap etdi.
Bu maglumata görä, birinji orunda Facebook sosial ulgamy ýerleşdirilipdir. Bu sosial ulgama her aýda takmynan 900 million ulanyjy girýär. Sanawda ikinji orny "Twitter" sosial ulgamy eýeleýär we oňa her aý 310 million çemesi ulanyjynyň girýändigi aýdylýar.
“eBizMBA.com” websahypasynyň dünýäniň iň öňdebaryjy 15 sosial ulgamy barada çap eden maglumatynda üçünji orunda “LinkedIn” sosial ulgamy ýerleşdirilip, oňa her aýda 250 million çemesi ulanyjy girýär diýilýär. Bu sanawda her aýda 85 million ulanyjy girýär diýilýän “Instagram” ýedinji, 80 million ulanyjy girýän “VKontakte” hem sekizinji orunda ýerleşdirilipdir.
“eBizMBA.com” websahypasynda berlen maglumata görä, bu sanaw “Alexa Global Traffic Rank” we “U.S. Traffic Rank” websahypasyndan alnan maglumatlar esasynda taýýarlanylypdyr.
“VKontakte”
Agzalan sanawda sekizinji orunda ýerleşdirilen “VKontakte” sosial ulgamy türkmen ýaşlarynyň arasynda hem giňden peýdalanylýan saýtlaryň biridir. Türkmen ýaşlarynyň sosial saýtlaryndaky işjeňligi baradaky gürrüňimize bu saýtdan başlaýarys.
"VKontkate" sosial ulgamynda "Türkmen sungat älemi" atly topar tarapyndan paýlaşylan wideoklip bu ulgamyň agzalarynda dürli garaýyşlaryň paýlaşylmagyna sebäp bolupdyr. Gürrüňi edilýän bu material aýdymçy Perhat Ataýewiň "Diý" atly aýdymyna düşürilen wideoklipdir.
2014-nji ýylda düşürilendigi aýdylýan bu wideoklibiň aşagyna ulgamyň agzalary tarapyndan jemi 20 teswir ýazylypdyr. 19-njy aprelde paýlaşylan bu wideoklip 25-nji aprele çenli 66 sapar halanyp, 8 gezek hem gaýtadan çap edilipdir. Bu tema ýazylan teswirleriň käbirinde Ybraýym Seýidaliýew, Süleýman Garaşew ýaly agzalar wideoklibiň mp3 görnüşini hem goýmagy sorapdyrlar.
Güljan Abdyýewa atly agza bolsa, ine, gürrüňi edilýän wideoklip "Şuny ýatladýar" diýip, beýleki bir aýdymçy Şamyrat Orazowyň "Diý sen" atly aýdymyna düşürilen ozaldan bar bolan wideoklibi paýlaşypdyr. Abdul Abdul atly agza hem Güljanyň sözlerini goldap, aýdymçy Perhat Ataýewiň, hamana, täze diýilýän aýdymynyň Şamyrat Orazowyň türkmen diňleýjilerine ozaldan tanyş bir aýdymynyň gaýtalanmasydygyny aýdypdyr.
Maksat Muradow atly agza bolsa aýdymçy Perhat Ataýewiň saç stili barada gürrüň gozgap, "Saç stiliniň Perhat Ataýewe gelişmändigini we soňky döwürde hemme kişiniň onuňky ýaly priçoska, ýagny bejerim edýändigini" ýazypdyr. Aýna Seýtekowa atly agza bolsa şuňa meňzeş bejerimleri soňky wagtda diňe Perhat Ataýewiň däl, eýse "hemme oglanlaryň hem göterýändigini" belläpdir.
"Twitter"
"Twitter" sosial ulgamynda, göwnüme bolmasa, soňky hepdelerde "Türkmençe ýaz" häştägi bilen ýazýan türkmen ýaşlarynyň sany azalan ýalydy. Emma geçen hepde olaryň işjeňligi gaýtadan artyp başlady. Meselem, Merwezi atly agzanyň "Üýşmeleňlerde agtygyny bahana edip, süýjüleri dwiženiýe edýän ýaşululara-da hormatymyz uly. Doly #Türkmençe ýazylmadam welin" diýip, 19-njy aprelde ýazan bu tweeti 25-nji aprele çenli alty sapar halanyp, alty gezek hem gaýtadan çap edilipdir.
Şygyrýet esgeri atly agzanyň hem "Ýazyň, ýazyň, orsynça ýazyň, o-da bolmasa, türkçe ýazyň! Ene dilimizde ýazsaňyz, azatlykdan mahrum ederlermi-nämemi?! #TürkmençeÝaz" diýip ýazan teswiri hem sosial ulgamyň arasynda dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp bolupdyr. 19-njy aprelde ýazylan bu tweet 25-nji aprele çenli dört sapar halanyp, dört gezek hem gaýtadan çap edilipdir.
Muňa Lýalijek atly agza "@Shahyrjyk azatlykdan mahrum edenoklar, azatlykda meşhur edýärler :))" diýende, biziň her hepdede türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlaryndaky aktiwligi barada Azatlyk Radiosynda we “Azathabar.com” saýtymyzda berýän yzygiderli maglumatlarymyzy ýaňzydana meňzeýär.
Annamuhammet atly agza bolsa: "@Shahyrjyk, Aý dost, senem türkmençe elipbiý bilen ýazaýmaly-da how. Aýdanlaryň gowy welin, az täsir etdi." diýip, Şygyrýet esgeri atly agza, eger ol öz teswirini latyn elipbiýinde ýazsa, onda has köp adamynyň okajagyny dostlukly, ýöne azajyk kinaýaly äheňde ýatladypdyr.
Ýeri gelende aýtsam, “Twitter” sosial ulgamyndaky "Türkmençe Ýaz" topary türkmen ýaşlarynyň öz aralarynda türkmen dilinde tweet paýlaşmagyny artdyrmak maksady bilen geçen ýylyň tomus aýlarynda döredilipdi.