Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Mingelowy Owadandepä ibermäň


Amnesty International guramasynyň belgisi
Amnesty International guramasynyň belgisi
Adam hukuklaryny goraýan halkara Amnesty International guramasy buluç milletinden bolan türkmen raýatynyň ikinji sapar Owadandepe türmesine geçirilýändigini habar berýär we bu tussagyň öňki gezek bu türmede bolan döwründe yzygiderli urlup-ýenjilendigini belleýär.

Guramanyň gyssagly diýlip ýaýradylan beýannamasyna görä, 39 ýaşly Mansur Mingelow Lebap welaýatynyň Seýdi şäherindäki LBK/11 türmesinde 22 ýyllyk tussaglyk möhletini berjaý edýär. Mansur Mingelowyň ilkinji gezek 2012-nji ýylyň 6-njy iýunynda öz doganynyň işi bilen baglanyşykly tussag edilendigi we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri tarapyndan urlup-ýenjilendigi aýdylýar. Bu maglumatda sorag edilýän wagty Mansuryň öz doganynyň hem urlup-ýenjilmegine şaýat bolandygy habar berilýär.

Doganlaryň ikisine-de 2012-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda adalatly geçirilmedik suduň netijesinde iş kesilipdi. Olar kämillik ýaşyna ýetmedikleri sosial taýdan ýolberilmesiz işlere çekmekde, pornografiýany ýaýratmakda, gaçakçylyga, neşe önümçiligine we neşe söwdasyna baş goşmakda aýyplanyp, Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 156, 164, 254 we 292-nji maddalary boýunça günäli tapylypdy diýip, “Amnesty International” habar berýär.

Düzgüne garşy

Maglumata görä, Mansur Mingelow ähli aýyplamalary ret edýär we özüniň günäsizdigini aýdýar. Mingelow özüne döwlet tarapyndan bellenen aklawçyny diňe iki sapar görüpdir, oňa derňewleriň we sud işleriniň dowamynda öz garyndaşlaryna jaň etmäge hem aklawçysyny çalyşmaga rugsat berilmändir. Tussag edileninden soň Mingelow neşekeşler üçin merkeze zor bilen eltilipdir we bu ýerde 15 gün saklanylypdyr.

Şeýle-de “Amnesty International” guramasynyň habar bermegine görä, Mingelow öz doganynyň ýowuz gynamalara sezewar edilendigi barada Baş prokuratura arza bilen ýüzlenipdir, mundan soň iki sany polisiýa işgäri işden boşadylypdyr. Mingelowyň gynamalara sezewar edilen başga adamlar, esasan-da, Maryda ýaşaýan buluçlar barada maglumat toplandygy hem aýdylýar.

Mansur Mingelowa çykarylan hökümde bir ýyl berk režimli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar. Ol berk düzgünli Owadandepe türmesinde agzalan möhletiniň dowamynda yzygiderli urlup-ýenjilendigi, bu ýerdäki degişli tussaglyk möhleti dolansoň 2013-nji ýylyň 6-njy awgustynda Seýdidäki türmä geçirilendigi aýdylýar. Maglumata görä, 11-nji aprelde Seýdidäki türmäniň sakçylary Mansur Mingelowa onuň ýene-de Owadandepä geçirilmek üçin taýýarlanmalydygy barada aýdypdyrlar.

Köpçülige cagyryş

“Amnesty International” guramasy öz ýaýradan beýannamasynda köpçüligi türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip, şeýle talaplary öňe sürmäge çagyrýar: Mansur Mingelowyň Owadandepe türmesine geçirilmezligini talap etmeli;

Türkmen häkimiýetlerini Mingelowyň işine halkara adalatly sud düzgünlerine görä gaýtadan garamaga, şol sanda oňa öz islegine görä aklawçy saýlamak üçin mümkinçilik döretmäge çagyrmaly;

Häkimiýetleri gynamalar bilen bagly ähli wakalar boýunça bitarap we netijeli derňewleri geçirmäge we häkimiýetleri halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şol sanda BMG-niň gynamalara garşy konwensiýasyny berjaý etmäge ündemeli.

“Amnesty International” guramasynyň maglumatynda Mingelowyň ykbaly bilen bagly talaplary ýollamak üçin Türkmenistanyň prezidentiniň, ýurduň Baş prokuraturasynyň we Içeri işler ministrliginiň adresleri we telefon nomerleri berilýär.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:24 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG