Aşgabadyň täze halkara aeroportynyň gurluşygyny Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy ýerine ýetirýär.
“Polimeksyň” iň uly proýekti
“Polimeksyň” resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, Aşgabadyň täze halkara aeroportunyň gurluşygy 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, 2016-njy ýylda tamamlanar, şeýle-de, bu proýekt türk kompaniýasynyň daşary ýurtda amala aşyrýan iň uly proýekti bolup, onuň bahasy 2 milliard 253 million amerikan dollaryna durýar.
Halkara aeroportunyň proýektinde uçarlaryň uçup-gonmagy üçin uzynlygy 3800 metrlik ýolyň, ýylda 200 müň tonna ýuki geçirmek üçin ýük saklanýan binalaryň, awtoulaglar üçin açyk we ýerasty duralgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Aşgabadyň täze halkara aeroportynyň 350 müň kwadrat metr ýerde ýerleşdirilip, her sagatda 1600 ýolagçyny kabul etmäge ukyply boljagy aýdylýar. “Oguz han” adyndaky bu aeroport Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky häzirki aeroportyň ýerine gurulýar.
“Saparmyrat Türkmenbaşy” aeroporty
Berlen sanlardan çen tutulsa, täze aeroporty gurmak üçin sökülýän Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky öňki aeroportyň-da ýolagçylaryň sany boýunça geçirijilik ukyby her sagatda 1600 adamdan ybarat.
1994-nji ýylda gurulan Aşgabadyň halkara aeroportynda uçarlaryň uçup-gonmagy üçin Graždan awiasiýasy boýunça halkara guramasynyň ikinji kategoriýasyna laýyklykda abzallaşdyrylan iki sany emeli ýoluň bardygy we bu aeroportdan halkara hem içerki gatnawlarda ýylda bir ýarym milliona golaý ýolagçynyň peýdalanandygy barada habar berilýär.
Ýolagçylaryň sany boýunça deň geçirijilik ukyply bu aeroportlaryň öňkisini söküp, ýerine täzesiniň gurulmagynyň sebäpleriniň, Türkmenistanda howa gatnawyny halkara kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen baglydygy barada resmi maglumatlarda habar berildi.
Aşgabatda täze halkara aeroportyny gurmak boýunça planlar 2009-njy ýylyň tomsunda mälim edilipdi.
Bu aeroport, soňky döwürde, sökülýän ýa ýumrulyp ýerine täzesi gurulýan uly proýektlerden diňe biri. Soňky ýylyň dowamynda ýumrulyp ýerine täzesiniň guruljakdygy aýdylýan obýektleriň arasynda Aşgabadyň Türkmenbaşy adyndaky stadiony hem bar.