Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk dükanlary barlagdan geçirilýär


Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonyndaky kommersiýa dükanlarynyň biri
Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonyndaky kommersiýa dükanlarynyň biri
Soňky günleriň dowamynda, Aşgabadyň azyk önümlerini satýan döwlet we hususy eýeçilikdäki käbir dükanlarynda barlag işleri geçirilýär. Bu barlaglaryň, esasanam, hususy eýeçilikdäki dükanlarda geçirilýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir dükançylaryň aýtmaklaryna görä, esasanam, käbir kommersiýa dükanlarynda satylýan azyk önümleriniň hem-de spirtli içgileriň ulanyş möhleti barlanylýar.

Şeýle barlaglaryň netijesinde Parahat mikroraýonynyň 1, 2 we 3-nji böleklerinde ýerleşýän kommersiýa dükanlary ýapyldy. Olaryň sany barada resmi ýa näresmi hiç hili maglumat ýok.

Şeýle wakalara diňe bir paýtagtyň özünde däl, eýse onuň golaýyndaky obalarda we şäherlerde, has takygy Gypjakda we Buzmeýinde hem duş gelnipdir. Bu barlaglaryň başlanmagyna nämäniň sebäp bolandygy hakda resmi çeşmelerde hem hiç hili gürrüň edilmeýär.

Il içindäki gürrüň

Emma, il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, bu barlaglar möhleti geçen süýt önümlerini içip, kesellän adamlaryň peýda bolmagy bilen bagly. Şeýle iýmit zäherlenmesine wakasyna şaýat bolnandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir lukmanlar hem aýdýarlar.

Özüni Merýem diýip tanadan paýtagtyň 5-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy şeýle saglyk işgärlerinden biri. Ol Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde, bu wakanyň adam ýitgisine sebäp bolandygy hakda käbir maglumatlaryň gowşandygyny gürrüň berdi.

Mundan ozal, sebäbi anyk aýdylman, paýtagt Aşgabadyň käbir etraplarynda uly ýoluň gyralarynda we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda ýerleşýän käbir kommersiýa dükanlary ýapylypdy. Soňky iki-üç günlükde bolsa Aşgabadyň käbir etraplarynda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde ýerleşýän kommersiýa dükanlaryny gije sagat 10-da ýapmagyň tabşyrylandygy hakda maglumatlar bar.

Käbir dükanlaryň ýapylmagy bilen bir hatarda barlaglar we onuň sebäpleri hakda biri-birinden özbaşdak ençeme çeşmeler tarapyndan tassyklanan maglumatlaryň bardygyna we il arasynda bu barada dürli myş-myşlaryň ýaýrandygyna garamazdan, resmi häkimiýetler bu barada asla dil ýarmaýarlar.

Resmi düşündiriş bolmasa...

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir raýatlar bolsa, adam saglygy bilen bagly maddalary hem öz içine alýan şeýle myş-myşlar boýunça hökümetiň dymmagynyň halky hasam alada goýýandygyny aýdýarlar.

“Her gezek şunuň ýaly waka ýüz berende, häkimiýetler dymýarlar. Adamlara howp barada habar bermeýärler. Diňe gürrüňlerdir myş-myşlar arkaly şunuň ýaly wakalardan habarly bolýarys” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy, pensioner ýaşuly Ýusup aga aýdýar.

Ýatlap geçsek, howply ýagdaýlar bilen bagly şeýle dymyşlyklar mundan ozalam bolupdy. Meselem, 2009-njy ýylda dünýäde howply grip keseliniň epidemiýasy dörände hem ol barada türkmen häkimiýetleri ilkibada halka köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili maglumat bermändiler. Häkimiýetleriň halkyň saglygy bilen bagly ýöredýän bu gizliginlik syýasaty ýurduň ilatyny dünýäde häli-şindi ýüze çykýan dürli epidemiýalaryň we potensial keselleriňdir howplaryň öňünde belli bir derejede goragsyz we çäresiz goýýar.

XS
SM
MD
LG