Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň portretleri çalşyrylýar


Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretleri
Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretleri
Şu ýylyň başynda ýurtda Türkmenistanyň prezidentiniň “kanoniki” diýlip atlandyrylýan portreti çalşylyp başlandy. Indi ýurduň okuw jaýlarynyň klas otaglarynyň, auditoriýalarynyň, edara kärhanalaryň foýeleriniň we iş otaglarynyň diwarlarynda gyzyl reňkli halynyň fonunda duran, gök kostýumly, gyzyl galstukly prezidentiň portreti asylmaly.

Türkmen prezidentiniň 2011-nji ýyldaky portreti.
Türkmen prezidentiniň 2011-nji ýyldaky portreti.
Köne portretleriň aýrylmalydygy barada buýruk berlipdir. Häzir döwlet guramalarynyň ählisinde prezidentiň köne portretleri çalşyrylýar. Munuň üçin käbir orta mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnalýandygy hem aýdylýar. “Eger okuwçylardan pul ýygnamasak, portreti öz aýlyk hakymyzdan satyn alyp, klasda asyp goýmaly bolýarys” diýip, paýtagtyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy aýdýar.

Görülýän peýda

Türkmenistanyň prezidentiniň “kanoniki” portretiniň çalşylmagy käbir adam üçin goşmaça alada döretse, käbirleri bu ýagdaýdan peýda görýärler. Paýtagtdaky hususy çaphanalaryň birinde işleýän 35 ýaşly Arslanyň aýtmagyna görä, prezidentiň portretini çap etmäge diňe käbir çaphanalara rugsat berilýär.

Arslan bu hakda: “Prezidentiň portretlerini çap etmek örän girdejili iş. Özüňiz göz öňüne getirip görüň: ýurtda diňe orta mekdepleriň sany 1700-den geçýär. Olaryň hersinde azyndan 40-50 sany klas otaglary bar. Şolaryň ählisinde prezidentiň portreti bolmaly. Daşy ramkaly portretiň bahasy bolsa 30 manatdan geçýär” diýip gürrüň berýär.

Türkmen prezidentiniň 2012-nji ýyldaky portreti.
Türkmen prezidentiniň 2012-nji ýyldaky portreti.
Türkmenistanyň prezidentiniň “kanoniki” portretleri her ýyl diýen ýaly çalşyrylyp durulýar. Geçen ýyl iki gezek çalşyrylypdyr. Her gezek prezidentiň täze asylýan portretlerine il içinde özboluşly at hem dakylýar. Portretiň ady ondaky käbir elementler bilen bagly. Mysal üçin, “ak kepderili portret” ýa-da “ýaşyl ruçkaly portret” diýen ýaly at berilýär.

Arslanyň aýtmagyna görä, şu ýylyň başynda täze girizilen gyzyl reňkli halyly portretiň hem ömri uzak bolmaz. “Bu portretiňem ýaz paslynyň ahyrynda täze protret bilen çalşyljakdygy barada gürrüň bar” diýip, hususy çaphananyň işgäri Arslan aýdýar.

Köne portretleriň ykbaly

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň prezidentiniň köne “kanoniki” portretini zir-zibile zyňmak gadagan. Paýtagtdaky hususy çaphanalaryň birinde işleýän Arslan Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde bu hakda şeýle diýýär: “Ýörite kagyz kesýän enjam bilen ýok etmeli. Edaranyň zir-zibilinde prezidentiň zyňlyp ýatan köne portretini göräýseler, edaranyň başlygyny işden çykararlar”.

Türkmen prezidentiniň 2013-nji ýyldaky portreti.
Türkmen prezidentiniň 2013-nji ýyldaky portreti.
Şu ýylyň başynda girizilen Türkmenistanyň prezidentiniň täze portretiniň esasy aýratynlygy ýurt baştutanynyň gyzyl reňkli halynyň fonunda durandygy. Ýogsa, adatça, Türkmenistanyň prezidenti ak reňkli halynyň fonunda surata düşýärdi. Bu ýagdaýa soňky döwürler ýurtda giň ýaýran ak reňkiň kultunyň birneme peselýändiginiň alamaty hökmünde garaýanlar hem bar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäri bu hakda şeýle pikir ýöredýär: “Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň ak reňk syýasy ideologiýanyň bir elementine öwrüldi. Türkmen halylaryndaky agdyklyk edýän gyzyl reňk hem ak reňk bilen çalşyldy. Indi bolsa ak reňkiň kultundan el çekiljek ýaly hem bolup görünýär”.

Medeniýet işgärleriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, döwlet guramalarynda hökmany asylmaly edilen prezidentiň “kanoniki” portretlerini ýurduň Medeniýet ministrliginiň ýörite komissiýasy ykrar edýär. “Bu komissiýada ykrar ediljek portretiň ähli elementleri jikme-jik seljerilýär. Prezidentiň egin-eşiginiň, galstugynyň we onuň arkasyndaky asylan halynyň reňklerine uly üns berilýär. Çala kemçilik bolsa, fotoşop arkaly düzedilýär” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäri aýtdy.

Häzir ýurtda Nyýazow döwründäki ýaly her bir döwlet guramasynyň binasynda prezidentiň portretleri asylmaýar. Prezidentiň portretlerini diňe käbir binalarda görmek bolýar. Emma, şol binalaryň ählisiniň diýen ýaly okuw, iş otaglarynyň diwarlarynda ýörite ykrar edilýän “kanonik” portretler asylýar. Bu däp entäk ýitip gidenok.
XS
SM
MD
LG