Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Luka: Bitaraplyk režimiň simwolyna öwrüldi


Aşgabatdaky Bitaraplyk binasy
Aşgabatdaky Bitaraplyk binasy
Çarşenbe güni, 12-nji dekabrda Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna eýe bolanyna 17 ýyl bolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda 185 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistan bitaraplyk statusyna eýe boldy. Türkmen häkimiýetleri bitaraplygy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni hasaplaýarlar.

Eýsem, iş ýüzünde bitaraplyk statusy nämäni aňladýar we bu 17 ýylyň içinde Türkmenistana näme berdi?

Azatlyk Radiosy Halkara gatnaşyklary boýunça professor, Merkezi Aziýa boýunça ekspert, “Türkmenistanyň daşary syýasaty: Pozitiw bitaraplylyk we türkmen režiminiň berkidilmegi” kitabynyň awtory Luka Antsesçi bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanyň bitaraplyk statusynyň geçen 17 ýyly barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda resmiler, esasan hem habar serişdeleri her bir mümkinçilikde ýurduň bitaraplyk statusa eýedigini aýratyn nygtap geçýärler. Siz ilki bilen Halkara gatnaşyklary teoriýasy esasynda bitaraplyk statusynyň nämedigini düşündirseňiz?

Luka: Bitaraplyk statusy diýlende, adatça, bu Halkara gatnaşyklaryndaky Uruş ýa-da Sowuk uruş döwründäki syýasat bilen düşündirilýär. Munuň nämedigini aýdyňlaşdyraýyn: Halkara gatnaşyklary esasan “uruş we parahatçylyk” prinsipi esasynda düzülendir.

Bu prinsip esasynda taryha nazar aýlasak, onda ýurtlaryň arasyndaky uruş adaty bir ýagdaý bolup, dünýä döwletleri biri-birine garşy çykýan birnäçe topara bölünýärler. Ýagny, döwletler bir tarapa goşulyp, beýleki tarapa garşy söweşýärler. Bu ýagdaýlardan çetde durup, haýsy-da bolsa bir tarapyň arkasyny tutmakdan saklanan döwlet bolsa bitarap bolýar.

Bitaraplyk statusy Türkmenistana asla gerekmidi?
Luka Antsesçi
Muňa Sowuk uruş döwründäki ýagdaýlar gowy mysal bolup biler. Bilşimiz ýaly, şol wagt dünýä, esasan, iki – kommunistik we kapitalistik bloklara bölünendi.

Emma bu ýagdaýda üçünji bir tarap hem bardy, olar ýokarky iki bloguň hiç birine goşulmak islänokdy, ýagny olar özleriniň bitarapdygyny yglan edýärdiler. Muňa resmi taýdan “Goşulyşmazlyk hereketi” diýlip at berlipdi.

Garaz, jemläp aýtsak, bitarap döwlet diýmek, dünýä arenasynda “garşy duruş syýasatynyň” islendik görnüşinden daşda durup, hiç bir tarapyň arkasyny tutman, ortalyk bir orny eýelemek diýmekdir.

Azatlyk Radiosy: Luka, onda 17 ýyl mundan ozal Türkmenistana bitaraplyk statusy haýsy matlaba görä zerurdy?

Luka: Meniň pikirimçe, bu taýda ýene başga-da bir sorag goýlup bilnerdi, ýagny “bitaraplyk statusy Türkmenistana asla gerekmidi?”. Eger-de postsowet döwletlerine seretsek, olar bitaraplyk statusyna birhili aşa uly baha berýärler.

Käbir döwletler bu ugurda tagalla etse-de, diňe Türkmenistana bu statusy almak başartdy. Eger-de siziň soragyňyza gaýdyp gelsek, ýok, men şol döwür Türkmenistana bitaraplyk statusynyň wajyp bolandyr öýdemok. Sebäbi, şol döwürde edil bitaraplygy alar ýaly ne halkara, ne-de sebit derejesinde konfliktler bardy.

Awdy Kulyýew wezipesinden boşadyldan soňra, prezident Nyýazow bitaraplyk baradaky pikirlerini barha artdyrdy.
Luka Antsesçi
Bu ýagdaýlara açyk seredeliň, şol döwürde, ýagny 1995-nji ýylda Türkmensitan ýaňy-ýaňy öz Garaşsyzlygyna eýe bolup, birnäçe halkara guramanyň agzalygyna kabul edilip, käbir döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary sazlap, indi-indi Halkara jemgyýetçiligine goşulyp başlapdy.

Bu ýagdaýlarda bitaraplyk statusy – men bu sözüň halkara gatnaşyklaryndaky berilýän manysyny göz öňünde tutýaryn – Türkmenistana gerek däldi.

Men häzir nämäni göz öňünde tutýandygymy has açyk düşündireýin: Bitaraplyk statusy şol döwürde režimiň alyp barýan daşary syýasatyny kesgitlemek üçin gerekdi. Bu ýagdaýlary has gowy suratlandyrmak üçin, geliň, yza – 1992-nji ýyla nazar aýlalyň.

Şol wagt, daşary işler ministri Awdy Kulyýew bolup oturan mahaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda bitaraplyk barada hiç gürrüň edilmändi. Emma, haçan-da awgust aýynda Awdy Kulyýew wezipesinden boşadyldan soňra, prezident Nyýazow bitaraplyk baradaky pikirlerini barha artdyrdy. Mundan soňraky 3,5 ýylda Türkmenistan BMG-den bitarap döwlet statusyny almak ugrunda tagalla etdi.

Şunlukda Türkmenistana biziň bilýan bitaraplygymyzy almaga zerurlyk ýokdy. Ol bitarap bolar ýaly hiç bir uruş dawasynyň içinde däldi.

Azatlyk Radiosy: Luka, emma käbir eskpertler Türkmenistanyň Owganystandaky wakalary göz öňünde tutup, muňa garyşmazlyk üçin özüniň bitaraplyk statusyny alandygyny öňe sürýärler. Siziň pikiriňizçe, Aşgabadyň bitaraplyk statusyny almak üçin Owgansytandaky ýagdaýlaryň bir sebäp bolan bolmagy mümkinmi?

Luka: Men dogrymy aýtsam, Owgansytandaky wakalaryň muňa ilteşigi bolmadymyka diýýärin. Sebäbi, eger-de türkmen resmilerini diňläp görseňiz, olar bitaraplyk barada gürrüň edenlerinde, munuň harby bloklara goşulmaga, sebitdäki bar bolan dawalara garyşmaga hukuk bermeýändigini, köp halatda hem munuň “hoşniýetli, parahatçylykly daşary syýasaty alyp barmaga ugrukdyrylandygyny” belleýärler.

Meniň çakymça, Owganystandaky wakalar Nyýazowy “hawa, edil şu sebäpli bize bitaraplyk gerek” diýen netijä getiren däldir. Men muňa esasan ýurduň içerki syýasatynyň täsiri astynda gelnendigine ynanýaryn. Şol döwürlerde režim barha awtoritarlyga tarap ýol aldy. Munuň netijesinde, režim daşardan gelip biljek islendik tankytlaryň, basyşlaryň öňüni almak üçin, özüne gowy bir sowut döretmelidi.

Men öz kitabymda hem muny nygtadym: Aşgabat bitaraplygy özüni daşarky dünýäden izolirlemek üçin ulandy. Ýaňky aýdyşym ýaly, Türkmenistan munuň üsti bilen daşardan bolup biljek basyşlaryň öňüni almagy synanyşypdy.

Azatlyk Radiosy: Luka, häzir Tähranyň dawaly ýadro programmasy sebäpli, Eýrana garşy harby operasiýanyň amala aşyrylyp bilinjekdigi barada gep-gürrüňler edilýär. Eger-de şeýle ýagdaý döräýse, Türkmenistan siziň aýdýan manyňyzda bitaraplygyny saklap bilermi?

Luka: Edil meniň özüm-ä Eýrana garşy harby operasiýa geçiriler diýen gürrüňlere ynanmýaryn. Ýöne her niçigem bolsa, geliň şeýle ýagdaýy göz öňüne getirip göreliň. Şeýle ýagdaý döräýse, Türkmenistan diňe özüniň statusyna salgylanyp, bolup geçýän zatlardan gyrada galmagy başarmaz.

Eýrana hüjüm etjek üçünji tarap Türkmenistanyň bitaraplygynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garap hem durmaz. Ýaňy hem belläp geçdim, Türkmenistan bitaraplygy öz içerki maksatlary üçin ulandy. Ol “biz bitarap, diýmek, bizde durnuklylyk bar” diýen düşünjäni kemala getirjek boldy.

Eger-de taryha nazar aýlasaňyz, onda Türkmenistan harby bloklara goşulmazlyk şertini hem onçakly berjaý edenok. Elbetde, Aşgabat Kollektiwleýin hyzmatdaşlyk ylalaşygyna girenok, emma 90-njy ýyllaryň dowamynda ol birki gezek “parahatçylyk ugrundaky” ýaly inisiatiwalara goşulypdy.

Munuň üstesine-de Aşgabat 2001-nji ýyldan bäri Owganystanda alnyp barylýan operasiýa hem belli bir derejede hemaýat berdi. Şunlukda biz ýene bir sapar - kagyz ýüzündäki ýazylanlary hakykatda bolup geçýän zatlardan tapawutlandyrmagy başarmaly.

Azatlyk Radiosy: Luka, indi aradan 17 ýyl geçdi. Bitaraplyk ýurda nämeleri berdi?

Luka: Türkmenistanyň režimi – men ozalkyny we häzirkini hem göz öňünde tutýaryn – Bitaraplyk statusyny ýurduň içinde bir simwol hökmünde ulandy. Munuň ady bilen ýurtda rus dilinde çykýan resmi gazet, ýagny “Neýtralnyý Turkmenistan” diýlip atlandyryldy; Aşgabatda “Bitaraplyk binasy” dikildi; paýgtagtdaky iň uly şaýollaryň birine hem “Bitaraplyk” ady berildi; Nyýazow döwründe dekabr aýy hem bu statusyň ady bilen atlandyrylyp başlanypdy.

Garaz, bitaraplyk statusy režimiň juda we juda berk simwolyna öwrüldi. Režim muny ýurduň içerki syýasatynda ulanyp, bu statusy halkara arenasynda gazanylan adatdan daşary bir üstünlik hökmünde häsiýetlendirdi.

Hawa, elbetde, biz bu statusyň BMG tarapyndan goldanylandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Ýöne nähili hem bolsa, Türkmenistan özüniň daşary syýasatyny bitaraplyk statusyna görä gurmady.

Bu aktiw bitaraplyk statusy bolman, gaýtam tersine, iň azyndan Nyýazow döwründe izolýasiýa syýasaty boldy.
XS
SM
MD
LG