3-nji oktýabrda protestçileriň Gyrgyzystanyň parlamentiniň howlusynyň derwezesine dyrmaşyp başlan pursatyndan başlap, köpler olaryň isleýän zadyna şübhe bilen garap başladylar.
Resmi taýdan aýdylanda, olar hökümetiň iş başyndan çekilmegini talap etmek üçin ýygnandylar. Sebäbi şu hepde premýer-ministr Jantöre Satybaldyýew bir kanadalynyň eýeçiligindäki altyn magdanyny millileşdirmegi ret edipdi. Bu magdan Gyrgyzystanyň iň girdejili senagatlarynyň biri bolup, ol ýurduň Umumy içerki önüminiň 10 prosentini emele getirýär.
Emma ençeme synçylar bulagaýçylyk, polisiýanyň göz ýaşardyjy gaz ulanmagy we "Ata-Žurt“ partiýasynyň agzasy bolan guramaçylaryň esasy üçüsini tussag etmegi bilen tamamlanan protestleriň kän bir magdan bilen dahylly bolman, esasan syýasy meseledigini aýdýarlar.
"Erkin ýol" ýaşlar hereketiniň ýolbaşçysy Möwlan Askarbekow "Ata-Žurt“ oppozision fraksiýasynyň ýolbaşçysy, protestleriň guramaçylarynyň biri bolan Sadyr Japarowy 2010-njy ýylyň aprel aýynda bolan köpçülikleýin protestlerde öz eden jenaýatyndan jemgyýetçiligiň ünsüni başga ýana sowmak üçin bu protestleri gurnamakda aýyplady. Agzalýan jenaýat işi soňky döwür has hem üns merkezine düşüpdi.
"Biz Kumtoryň millileşdirilmegi baradaky inisiatiwany goldaýarys, emma biz protestlere gatnaşmazlyk barada karar aldyk. Onuň maksady başgady. Sadyr Japarow bu ýygnagy özüni goramak we özüne syýasy abraý gazanmak üçin gurnady" diýip, Askarbekow aýdýar.
Protestlerden bir gün soň, internetde çap edilýän bloglarda Askarbekow bilen partiýa lideri, öz tarapdarlaryndan häkimiýeti eýelemäge kömek etmegi soran Kamçybek Taşiýewiň "ýasama häkimiýet agdarylyşygyny" gurnandygy baradaky çaklamalar peýda boldy.
"Bişkekde käbirleri Taşiýew korrupsiýa aýyplamalary bilen däl-de, rewolýusioner hökmünde türme tussaglygyna hökümet edilmek isleýär diýip, pikir edýärler" diýip, regional analitik Erika Marat Twitterde ýazdy.
Başgalary bolsa "Ata-Žurt" partiýasynyň web sahypasynyň pornografik haker hüjüminiň pidasy bolandygyny bellediler. (Bu saýt soňra öçürildi).
Protestler 4-nji oktýabrda hem dowam etdirildi. 500-e golaý demonstrant Taşiýewiň dogduk mekany bolan Jalalabad şäherinde ýygnanyşyp, Taşiýewiň, Japarowyň we partiýanyň ýene bir agzasy bolan Talant Mamytowyň azat edilmegini talap etdiler. Olara zor bilen häkimiýeti eýelemäge synanyşmakda aýyplama bildirilip bilner.
Şeýle protestler demirgazyk-günorta bölünişiginden ejir çekýän Gyrgyzystanda hemişe alada döredýär.
2010-njy ýylda ýurduň günortasynda ýerleşýän Oş şäherinde ýüze çykan ganly etniki çaknyşyklar demirgazykdaky Bişkekde durnuksyzlygyň dowam etmek ähtimallygy baradaky aladalary güýçlendirdi.
Esasan hem ýurduň günortasyndan goldaw tapýan "Ata-Žurt" partiýasy Gyrgyzystanyň parlamentindäki iň uly partiýadyr. Emma ol Satybaldyýewiň parlamendäki koalisiýasynyň bölegi däldir. Bu ýagdaý bolsa, Kumtor barada alnan soňky kararda bolşy ýaly, bu partiýany kabul edilýän esasy kararlarda täsirsiz goýýar.
"Ata-Žurt" partiýasynyň oppozisiýadaky döwri bu partiýanyň agzalaryny nyşana alýan ençeme jenaýat işleri bilen hem tanaldy.
Japarowa bildirilýän aýyplamalar bilen birlikde, bu partiýanyň agzasy, Bişkegiň öňki häkimi Nariman Tuleýew hem para alamakda aýyplanyp, häzir tussaglykda saklanýar. Partiýanyň başga bir agzasy Nurlan Süleýmänowa garşy hem jenaýat işi gozgaldy.
Kumtor magdany baradaky kanuny aladalar bolsa saklanyp galýar. Gyrgyz parlamentiniň buýrugy bilen, häzir bu ýer howpsuzlyk we daşky gurşaw barlaglaryndan geçirilýär.