Haçan-da ilkinji raketa gelip düşende, Abdul Kerim öýünde otyrdy. Bu wakda kerpiçden salnan goňşy jaýlardaky adamlaryň ählisi diýen ýaly heläk bolupdy.
Atylýan raketalaryň yzy kesilmänsoň, Kerim we obanyň beýleki ýaşaýjylary öz howpsuzlyklary üçin golaýdaky daglara gaçyp gitdiler. Terk edilen oba gysga wagtyň içinde ýer bilen ýegsan boldy. Ýöne bu mundan beýläk boljak zatlaryň diňe başlangyjydy.
Iýun aýynyň soňlarynda bolan şol wakadan bäri Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda, Pakistan bilen serhetde ýerleşýän Kunar hem-de Nurustan welaýatlarynyň obalaryna serhediň aňyrsyndan raketalaryň atylmagy dowam edýär. Welaýatyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, şu güne çenli diňe Kunar welaýatynyň bäş etrabyna jemi 3 müň 200 gezek hüjüm edilendigi hasaba alnypdyr.
Kabul Pakistanyň harbylaryny öňden hem dartgynly bolan territoriýalary durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen şol obalara hüjüm edýänlikde aýyplaýar.
Yslamabat şol aýyplamalary ret edip, öz esgerleriniň serhediň Owganystan tarapyndaky söweşijileriň edýän hüjümlerine garşylyk berýändigini aýdýar.
Ilata ýetirýän täsiri
Biri-birine garşy aýyplamalar dowam edýärkä, raketalar her gün diýen ýaly yzygiderli atylyp, ol ýaşaýjylara juda ýaramaz täsir ýetirýär. Şol wakalarda onlarça adamyň heläk bolandygy we müňlerçe adamyň bolsa öýdür, obalaryny terk etmeli bolandygy aýdylýar.
Şol dartgynlylyk sebäpli, onlarça ýaşaýyş jaýlary we mekdap binalary weýran bolupdyr. Şeýle-de agzalýan hüjümler sebäpli tokaýlarda dörän ýangyn netijesinde, ýerli ýaşaýjylaryň mal-garasy heläk bolup, ekerançylyk meýdanlary hem zaýalanypdyr.
Kunar welaýatynyň merkezinden uzaklarda ýerleşýän obalaryň biriniň ýaşaýjysy Kerim hem şeýle dartgynlylyk sebäpli galar ýaly howpsuz ýer gözlemek üçin ýola düşenleriň biri. Ýöne ol aýaly we üç çagasy bilen öz obasyndan takmynan 50 kilometr uzaklykda ýerleşýän çadyrdan gurlan lagere baranda, lagerdäki kynçylyklara orän çalt göz ýetirýär.
"Bärik gelenleriň sany köp, olar açyk meýdanda ýatyp-turýarlar. Olar öz öýlerinden hiç zat alman, aç hem-de suwsuz gaçyp gaýdypdyrlar. Olaryň ekin meýdanlary ýok edilipdir. Şol ýerde galanlar bolsa, öz ýumrulan öýlerinde ýaşamagy dowam edýärler. Ýagdaý elhenç. Diňe şu lagere ýüz maşgala geldi” diýip, Kerim aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi, bu ýagdaýa biperwaý garaýandygyny aýdyp, hökümeti tankyt edýär. Olaryň käbirleri bolsa öz gaharyny Pakistana gönükdirýärler. Bu närazylyk sebäpli Owganystanyň kanun çykaryjylary hökümeti ýurduň iň güýçli iki ministrini wezipelerinden boşatmaga mejbur etdi.
Owganystanyň parlamenti ýurduň goranmak ministri Abdyl Rahym Wardaga we içeri işler ministri Bismylla Hana howpsuzlygy üpjün etmekde goýberen kemçilikleri üçin, şeýle-de agzalýan obalara Pakistan tarapyndan edilýän hüjümleri duruzmagy başarmazlykda aýyplap, awgust aýynyň başynda ynamsyzlyk bildirdi.
Şeýle hem Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we onuň pakistanly kärdeşi Asif Ali Zardari bombaly hüjümleriň täsiri duýulan territoriýalary baryp görmek we şol hüjümlere kimiň jogapkärdigini derňemek uçin bilelikdäki harby delegasiýany döretmek barada ylalaşdylar.
Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu ädimler entek dartgynlykdan ejir çekýänleri köşeşdirerden asgyn.