Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ruhyýet” köşgünden Türkmenbaşynyň ady aýryldy


Binanyň adynyň ýazgysynda mundan öň “Türkmenbaşynyň Ruhyýet Köşgi” diýlip ýazylan bolsa, indi şol ýerde diňe “Ruhyýet köşgi” diýen ýazgy göze ilýär.
Binanyň adynyň ýazgysynda mundan öň “Türkmenbaşynyň Ruhyýet Köşgi” diýlip ýazylan bolsa, indi şol ýerde diňe “Ruhyýet köşgi” diýen ýazgy göze ilýär.
Şu güne çenli “Türkmenbaşynyň Ruhyýet köşgi” diýlip atlandyrylan bu bina paýtagtyň merkezindäki iň kaşaň binalardan biri bolup, ol öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe esasy karar kabul ediji organ bolan Halk maslahatynyň ýygnaklarynyň we döwlet derejesindäki dabaraly çäreleriň geçirilýän ýeridi.

Gurulmagyndan bäri ýaňy bir 10 ýyldan gowrak wagt geçen bu binada ýakynda ýüzleý abatlaýyş işleri başlandy. Binanyň diňe esasy girelgesini öz içine alýan böleginde geçirilýän abatlaýyş işleri entek doly gutarmady.

Emma binanyň häzirki durkuny öňküsi bilen deňeşdireniňde göze dürtülip duran bir tapawut bar: binanyň adynyň ýazgysynda mundan öň “Türkmenbaşynyň Ruhyýet Köşgi” diýlip ýazylan bolsa, indi şol ýerde diňe “Ruhyýet köşgi” diýen ýazgy göze ilýär.

Bu köşge Nyýazowyň ideologiýasynyň merkezi hem diýilýär. Şol ýerde diňe bir Halk maslahatynyň ýygnaklary däl, esasy baýramçylyklar bilen bagly ähli çäreler hem geçirilerdi. Hatda “Sanjar-25” wakasy bilen bagly esasy ýygnak hem şu köşkde bolup geçipdi.

"Simwoliki ädim"

Käbir ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, “Ruhyýet” köşgüniň adyndan Türkmenbaşynyň adynyň aýrylmagy soňky döwürde alnyp barylýan şuňa meňzeş çäreleriň dowamy ýaly bolup görünýär. Mundan öň Nyýazowyň we onuň maşgala agzalarynyň ady dakylan aý atlary hem çalşylypdy.

Milli manatdan Nyýazowyň suraty aýrylyp, olar Görogly we Oguzhan ýaly beýleki milli şahsyýetleriň suratlary bilen çalşyldy. Onuň suraty häzir diňe iň uly pul birligi bolan 500 manatlyk banknotda saklanyp galdy. Döwlet eýeçiligindäki telekanallaryň ekranlarynyň burçundan Nyýazowyň keşbi hem bir eýýäm aýryldy.

Nyýazowyň ejesiniň ady dakylan kinoteatr rekonstruksiýa edilip, ol “Türkmenistan” diýlip atlandyryldy. Orta mekdepleriň ýakynda çap edilen okuw kitaplarynyň täze nusgasynda öňki prezident Nyýazowyň suraty täze prezidentiňki bilen çalşyldy.

Suratlar: Aşgabatda Türkmenbaşynyň şahsyýet kulty, 2012-nji ýyl.

Şol bir wagtyň özünde-de, soňky döwürde metbugatda Nyýazowyň adyny göterýan edaralaryň atlary tutulanda olardan Nyýazowyň adyny aýryp okap-ýazyp başladylar. Mysal üçin, "Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli medeniýet merkeziniň" ady agzalmaly bolsa, diňe “Milli medeniýet merkezi” diýilýär.

“Bu meselede metbugata berlen resmi buýruk ýok, emma Nyýazowyň adyny göterýän guramalaryň ady agzalanda onuň adyny tutmazlyk barada dil üstünden tabşyryk berilýär” diýip, ýerli habar beriş serişdeleriniň birinde habarçy bolup işleýän 34 ýaşly žurnalist Gurban aýtdy.

Gurban bu tagallalara ýurtda Nyýazowyň 20 ýyla golaý dowam eden şahsyýet kultunuň kölegesinden çykmaga synanyşylmagynyň alamaty hökmünde baha berip, onuň aşa serasaplylyk bilen alnyp barylýan bolmagynyň mümkindigini belledi.

Ýerli synçy Ýaylym Begow hem öňki prezidentiň şahsyýet kultundan dynmak boýunça alnyp barylýanlygy aýdylýan bu tagallalar hakda ýerli žurnalistiň pikirleri bilen ylalaşýar, emma ol saýlanan bu ýoluň ýalňyşdygyny aýdýar.

“Eger-de Nyýazowyň dolandyryş usulyna baha berilse, onda ýurtda bolan wakalary halka dogry düşündirip bolardy. Bu ýurtda öňki syýasy ýalňyşlyklaryň gaýtalanmazlygyna hem-de ýurtda syýasy reformalaryň giňden geçirilmegine itergi bolup bilerdi” diýip, Ýaýlym Begow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Öňküligine galýan ýerler hem az däl

Nyýazowyň adyny göterýän edaradyr binalaryň käbirleriniň atlarynyň üýtgedilýändigine garamazdan, onuň adyny göterýän ilatly punktlaram, suratlary asylgy duran binalaram, hatda onuň altyn çaýylan heýkelleriniň duran ýerleri hem az däl.

Aşgabat şäheriniň bir çetine çykarylan hem bolsa, onuň altyn çaýylan iň uly heýkeli takmynan 80 metr ýokardan elini serip, güneşe garap durmagyny henizem dowam etdirýär. Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinde we ýurduň beýleki şäherlerinde-de onuň heýkellerine duşmak bolýar.

Nyýazowyň ejesiniň, kakasynyň we doganlarynyň hormatyna döredilen ýadygärlikler hem bar. Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan “Ruhnama” kitabyna dikilen ýadygärlik hem öňki ýerinde dur. Onuň adyny göterýän käbir medeni we sport desgalarynyň atlary hem öňküligine galýar.

Emma, bulara garamazdan, käbir ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenbaşy ideologiýasynyň merkezi hasaplanýan “Ruhyýet” köşgünden Nyýazowyň adynyň aýrylmagy häzirki hökümetiň öňki prezidentiň “kölegesinden çykmak” ugrunda äden iň uly “simwoliki” ädimidir.

Şol bir wagtyň özünde-de, öňki prezidentiň şahsyýet kultunyň täze ýolbaşçynyň kulty bilen çalşylmak ähtimallygynyň bardygyny aýdýanlar hem bar. Şeýle pikiri öňe sürýänler bu çaklamany Berdimuhamedowlar maşgalasynyň agzalarynyň käbir heýkelleriniň göze ilip başlamagy bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG