Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagy-bossanlyk arzuwy


Aşgabatda we onuň eteklerindäki baýryň üstünde ekilen baglary turbajyklar arkaly damjalaýyn usulda suwarmak ýola goýuldy.
Aşgabatda we onuň eteklerindäki baýryň üstünde ekilen baglary turbajyklar arkaly damjalaýyn usulda suwarmak ýola goýuldy.
Türkmenistanyň “Gökguşak” jemgyýeti ýatyrylandan soň, bag ekmek, ony idetmek, esasan, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň üstüne ýüklendi.

Emma häzir hem pudaklaýyn edara-kärhanalaryň, hatda ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň her toparynyň aýratyn bag meýdanlary bar. Her bir işgär, talyp berkidilen bag uçastogynda baglara ideg etmeli ýa-da pul töläp, bag idetýän adamy hakyna tutmaly. Bu bolsa adamlar üçin goşmaça kynçylyk döredýär.

Soňky ýyllarda bag ekmek, ony idetmek boýunça belli bir tejribe gazanyldy. Mysal üçin, Aşgabatda we onuň eteklerindäki baýryň üstünde ekilen baglary turbajyklar arkaly damjalaýyn usulda suwarmak ýola goýuldy. Ýöne tomusda baýyrlara ýeterlik derejede suw çykaryp bolmansoň, damjalaýyn usulam özüni ödemeýär eken (aşakdaky surat).


Soňky üç ýylda baglary suwarmak üçin, ýüzlerçe maşyn satyn alnypdyr, hatda hususy suw daşaýjy maşyn eýeleri meýletin şertnama esasynda bag suwarmak işine çekilýär. Aşgabatly suw daşaýjy maşynyň eýesi Amanmyrat geçen ýyl tomusda Aşgabat baýrynyň eteginde üç aý bag suwarmak işine gatnaşandygyny, her aýda ähli çykdajysyny aýranda, ortaça 1,800 manat hak alandygyny gürrüň berdi.

Mahlasy, häzir bag ekmek, ony idetmek boýunça käbir oňyn özgerişlikler bar. Bu iş haýal derejede bolsa-da, ylmy önümçilik bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne ýowar edip, bag ekmek ýa idetmek boýunça hünärmen bolmadyk adamlary, talyplary bu işe çekmek Türkmenistany bagy-bossanlyga büremek hakyndaky hoş arzuwlara päsgelçilik döredýär.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG