Türkmenistanda şu günler prezident saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär. Kompýuterde gowy edilip bejerilen, ýalpyldap duran sekiz dalaşgäriň suraty, terjimehaly, programmalary saýlaw bölümleriniň öňünde asylgy dur. Ol sekiz dalaşgäriň ortarasynda Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň terjimehaly hem bar.
Lebap welaýatynyň saýlaw uçastoklarynda býulletenleri atmak üçin niýetlenen gutular, ses bermek üçin ýörite kabinalar hem taýýar edilip goýuldy. Köp söwda merkezleriniň, dükanlaryň, adminstratiw jaýlaryň ýüzünde saýlawlara çagyryş plakatlary asylgy.
Etrap merkezlerindäki saýlaw uçastoklarynyň jaýlarynyň daş-töweregi arassalanýar, daşky diwarlary agardylýar. Garaz, saýlawlara taýýarlyk barada aydylanda, bu çäreleriň öňki saýlawlar bilen deňeşdirilende belli bir derejede tapawutlanýanlygyny aýtmak mümkin.
Emma saýlawlara taýýarlyk boýunça hökümet derejesinde alnyp barylýan bu tagallalaryň halk durmuşunda uly rol oýnajakdygyna ynanmaýan adamlaram az däl. Olardan biri hem özüni Gülzar diýip tanyşdyran söhbetdeşimiz. Lebaply ýaş gelin bu barada öz pikirini şeýle beýan edýär:
—Sekiz dalaşgär bolany bilen, saýlawlara barasym gelenok, sebäbi kimiň saýlanjagy belli. Kimden sorasaň hem häzirki prezident saýlanýar diýýärler. Bu geçirilýän zatlar ýöne oýun ýaly zat, şonuň üçin hiç kimiň saýlawlara barasy gelmeýär. Häli görersiňiz, saýlawlar geçensoň häzirki prezident 99 ýa-da 97 prosent ses aldy diýip aýdarlar.
12-nji fewralda geçiriljek saýlawlara sowuk-sala garaýanlar bilen bir hatarda, agitasiýa çärelerine gatnaşýan we dalaşgärleriň çykyşlaryny diňlemäge barýanlaram az dal. Emma hökümet edarasynyň adynyň agzalmagyny islemedik bir işgäriniň aýtmagyna görä, şol cärelere gatnaşýanlaryň aglaba köpüsi hökümet işgärleri bolup, olar şol duşuşyklara ýolbaşçylarynyň tabşyrygy sebäpli gatnaşýarlar.
Ýokardan gelýän ‘ses’
Türkmenistanyň “Wagon-remont” edarasynyň adynyň agzalmagyny islemedik bir işgäri bolsa, şol tabşyrygyň diňe duşuşyklara gatnaşmak bilen çäklenmän, kime ses bermeli diýlen ýaly tabşyryklary hem öz içine alýanlygyny aýdýar:
—Ýakynda başlygymyz ýygnak edip, bizi Türkmenistanyň demir ýol ministri Seýitgulyýewiň çykyşy bilen tanyşdyrdy. Ministr şol çykyşynda ministrligiň işgärleriniň ählisiniň prezident Berdimuhamedowy biragyzdan goldajakdygyny aýdypdyr. Müňlerçe adamyň adyndan bir adamyň beýle etmegi meniň lapymy keç etdi. Her adamyň saýlawlarda berjek sesi özüne degişli ahyryn.
Tutuş ýurtda saýlaw çäreleri dowam edýärkä, bu çäreleriň hökümet meselesine öwrülmeginiň döwlet edaralarynyň kadaly işlemegine hem ýaramaz tasirini ýetirýän halatlarynyň ýüze çykýandygy aýdylýar. Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Atajan bu barada öz başyndan geçiren tejribesini şeýle gürrüň berdi:
—Meniň aýalym pasportyny çalyşmana baranda oňa saýlawlardan soň, 21-nji martda gelmelidigini aýdyp, yzyna gaýtarypdyrlar. Sebäbi edarada adam ýetmezçilik edýärmiş.
Sekiz dalaşgär, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçiriljek saýlawlar 12-nji fewralda bolar.
Diňe käbir ýerli ýaşaýjylar däl, halkara metbugaty hem saýlawlarda häzirki prezident Berdimuhamedowyň aňsatlyk bilen ýeňiş gazanjakdygyny çak edýär.
Umyt Jumaýew Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy.