Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýitip barýan satiranyň ýeri "başgaça" doldurylýar


1994-nji ýylda Türkmenistanda “Tokmak” atly satiriki žurnalyň ýapylmagy bilen karikatura žanry hem ýitip ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gitdi.
1994-nji ýylda Türkmenistanda “Tokmak” atly satiriki žurnalyň ýapylmagy bilen karikatura žanry hem ýitip ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gitdi.
Türkmen halky degişmäni, ýeri bilen aýdylan jaydar sözi, henegi söýýän halk. Ýöne soňky ýyllarda ýurtda bu zatlaryň boşlugy emele geldi. Telewideniýede, radioda satira-ýumor gepleşikleri, gazetlerde olary ýerleşdiryän bölümler ýitdi diýen ýaly.

Ýöne adamlarda, ylaýta-da ýaşlarda, ur-tut onuň ýerini başgaça, köplenç edep-ekramyň kadalaryna laýyk gelmeýän görnüşde doldurmaga bolan ymtylyş ýüze çykyp ugrady. Hususy studiýalarda, hatda öý şertlerinde-de dürli hilli degişmeli klipleri ýazgy edýän ýa-da kinolardan, telegepleşiklerden kesilip alnan sahnajyklara başga ses ýazgysyny goşup, soňra ony mobil telefonlar arkaly ýaýradýan ýaşlaryň sany artyp ugrady.

27 ýaşly mekdep mugallymy Begenç bu ýagdaýyň ýaşlaryň aňyna edýän täsiri baradaky öz pikirlerini Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde şeýle beyan etdi:

—Golaýda tanyşlarymyň biriniň öýünde “Ýeke özi öýde” atly meşhur amerikan kinofilminiň ýerli gepleşikde başgaça ses ýazgy edilen wariantynyň diskine duş geldim. Işim çaga terbiyesi bilen bagly bolansoň, ol meni gyzyklandyrdy, oturyp tomaşa etdim. Elbetde, bu ugurdan hiç hili taýýarlygy bolmadyk adamlaryň haýsydyr bir hususy studiýada filmi asyl nusgasyndan başgaça seslendirmeginden köp zada garaşmandym. Käbir ýerlerinde jüpüne düşüp duran degişmäniň, jaýdar jümleleriň bardygyna, olaryň ýerli ýagdaýlar bilen baglanyşdyrylýandygyna garamazdan, tutuşlygyna alanyňda filmiň asyl nusgasyndan başgaça seslendirilen warianty meniň göwnüme ýaramady. Çaganyň gulagyna degmeli däl paýyş sözleriň köplügi, käbir sahnalaryň seslendirilişindäki ýasamalyk filme tomaşa eder ýaly etmändir. Onuň köpeldilip ýaýradylyp ýörendigini eşidenimde bolsa, lapym keç boldy.

Mobil telefonlar arkaly ýaýradylýan degişme sahnajyklarynyň sany hem soňky döwürde köpelip barýar. Olara höwes bilen tomaşa edýän yaşlar hem az däl. Bu ýagdaýyň ýaşlaryň aňyna, edep-ekramyna, terbiýesine erbet täsir edýandigini bellemek bilen 24 ýaşly medeniýet işgäri, sazanda ýigit Altybaý Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

—Beýle klipleriň, degişmeli şekilleriň ýazgy etdirilip ýaýradylmagyna sebäp bolýan esasy zat şu günki türkmen kino sungatynda, resmi telewideniyede, gazet zurnallarda satira we ýumor gytçylygynyň bolmagy. Halk bolsa degişmesiz ýaşap bilenok. Adamlara durmuşyň dürli tarapyny şöhlelendiryän sagdyn satira, ýumor gerek. Aç-açan gadaganlyk girizilmese-de, ony resmiler kän bir halap baranoklar. Lisenzirlenmedik diskler, mobil telefonlar arkaly ýaýradylýan köplenç süwümsiz, gödek degişmeleriň öňüni almak üçin professional satirik ýazyjylar, kino-telewideniýe işgärleri tarapyndan taýýarlanan satira-ýumora giň ýol açmaly. Halkyň islegi-de şol. Köpçülikleýin habar serişdelerinde ýiten, sagdyn satira-ýumora ýol açylsa, bu babatdaky bar zadyň kadalaşyp gitjegine ynansa bolar. Adamlar gülküsiz ýaşap bilmeýär. Gülki bolsa saglyga peýdaly, ömrüňi uzaldýar diýýärler.

1994-nji ýylda Türkmenistanda “Tokmak” atly satiriki žurnalyň ýapylmagy bilen karikatura žanry hem ýitip ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gitdi. Karikaturalar köplenç şu žurnalda çap edilýärdi. Belli satiriklerem, karikaturaçylaram “Tokmagyň” töwereginde üýşýärdiler.
XS
SM
MD
LG