Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglygy ätiýaçlandyryş pasporty we real ýagdaýlar


Aşgabadyň "Ene mähri" merkezi.
Aşgabadyň "Ene mähri" merkezi.
1996-njy ýylda Türkmenistanda ätiýaçlandyrmalaryň hökmany görnüşlerinden başga-da Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylmasy girizildi. Türkmen resmileriniň bellemegine görä, Türkmenistanda meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylmasy raýatlaryň bähbidini araýan sosial goragyň bir görnüşidir.

Berilýän mümkinçilikler

Aýlyk hakyndan 2% töläp, saglyk ätiýaçlandyryş pasportyny alan raýatlar käbir dermanlary, olaryň umumy bahasynyň 10%-ni töläp, satyn almak mümkinçiligine, maşgala lukmanynyň hyzmatlaryny mugtuna almak mümkinçiligine, şypahanalarda 50% ýeňillik bilen bejergi almak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylmasynyň töleg gatanjy her aýda her bir adam üçin zähmet hakynyň (işlemeýänler üçin kesgitlenen binýatlyk möçberiniň) 2%-ne deňdigi habar berilýär. Bu ätiýaçlandyryş elýeterli medisina kömegini üpjün etmek bilen, derman serişdelerini olaryň bahasynyň 10%-ni töläp satyn almaga, tölegli lukmançylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerine 50%-lik ýeňillikleriň berilmegine mümkinçilik döredýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew saglyk ätiýaçlandyryş pasporty boýunça satylýan dermanlaryň ýörite sanawynyň bardygyny aýdýar. Bu pasport boýunça satylýan dermanlaryň ýörite sanawy bar. Pasporty bolan raýatlara şol dermanlar umumy bahasynyň 10%-i möçberinde satylýar, ýagny hökümet dermanlaryň 90%-ni özi töleýär. Saglyk ätiýaçlandyryş pasportly raýatlar şypahanalarda, sanatorilerde alan bejergileriniň bahasynyň diňe ýarpysyny töleýärler.

Hallyýewiň tassyklamagyna görä, saglyk ätiýaçlandyryş pasporty bolan raýatlar bir hepde möhletde hassahana ýerleşmek, hyzmat edýän bejeriş edarasynyň çäklerinde maşgala lukmany bilen üpjün edilmek mümkinçiliklerini alýarlar.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan hemme raýatlar, şol sanda olaryň 16 ýaşa ýetmedik çagalary we olaryň eklenjindäki adamlar peýdalanyp bilýärler.

Ätiýaçlandyryş pasportynyň işleýşi

Ýöne, ýerli ýaşaýjylaryň bellemegine görä, raýatlar üçin göräýmäge döredilen amatly şertler köp halatda durmuşda ýerine ýetirilmeýär. Adynyň agzalmagyny islemedik Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy saglyk ätiýaçlandyryş pasporty bilen alyp bolýan dermanlaryň köp halatda dermanhanalarda tapdyrmaýandygyny aýdýar. Ol özünde saglyk ätiýaçlandyryş pasportynyň bardygyna garamazdan, maşgala lukmany tarapyndan bellenilen sanjymy mugtuna almak üçin, keselhananyň müdiriniň gol çekmeginiň zerur bolandygyny gürrüň berdi. Ýöne poliklinikanyň müdiri saglyk problemasy bolan zenana zerur sanjymy bermekden boýun gaçyrypdyr.

Hallyýew Türkmenistanyň döwlet býujetinden welaýat merkezlerinde gurulýan keseli anyklaýyş merkezlerinde saglyk ätiýaçlandyryş pasportynyň barlygyna-ýoklugyna garamazdan, hemme tabşyrýan medisina analizleri üçin raýatlaryň doly bahasyny tölemeli bolýandyklaryny aýdýar.

Balkan welaýatynyň 35 ýaşly ýaşaýjysy hem Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeşlikde saglyk meselesi bilen bagly keselhana düşen ýagdaýyňda hatda ýorgan-düşege ýazylýan prostynlary ýuwmak üçin sabyndyr-poroşogy hem özüň eltmeli bolýandygyny gürrüň berdi.

Beýleki ýurtlardaky ýagdaý

Türkmenistanyň goňşulary Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan ýaly ýurtlarda döwlet tarapyndan hödürlenýän medisina hyzmatlary ilata mugt elýeterli edildi. Döwlete degişli keselhanalar bilen bir hatarda bu ýurtlarda hususy klinikalar hem işleýärler.

Ýerli synçylar, hususy keselhanalaryň bahasy köp adama elýeterli bolmasa-da, ol ýerlerde döwlete degişli hassahanalarda bolşy ýaly, derman ýetmezçiligi, enjamlaryň köne bolmagy, medisina personalynyň hassalara gödek daramagy ýaly ýagdaýyň köp duş gelmeýändigini aýdýarlar.

Ýewropanyň ösen ýurtlarynda medisina hyzmatlary tölegli bolsa-da, ilatda ätiýaçlandyryş kompaniýasyny saýlamak mümkinçiligi bar. Mysal üçin, Çehiýada medisina ätiýaçlandyryşyny hödürleýän 10-a golaý ätiýaçlandyryş kompaniýalar hasaba alnan. Olar, müşderileri özlerine çekmek üçin, dürli amatly şertleri hödürläp, ätiýaçlandyryşyň bahasyny pese düşürip, öz kompaniýalaryna wepaly müşderilere ýeňillik berip, özara sagdyn bäsleşik alyp barýarlar.

Türkmenistanda ätiýaçlandyryş diňe ýurduň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi tarapyndan üpjün edilýär.
XS
SM
MD
LG