Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda howpsuzlyk çäreleri berkidildi


Tarazda bolan soňky wakada ýedi adam heläk boldy. Bu waka Gazagystanda bolan iň ganly hüjüm diýlip hasaplanýar.
Tarazda bolan soňky wakada ýedi adam heläk boldy. Bu waka Gazagystanda bolan iň ganly hüjüm diýlip hasaplanýar.
Gazagystanyň Gyrgyzystan bilen serhetdeş Taraz şäherinde 12-nji noýabrda bolan ganly wakadan soň, tutuş ýurt boýunça howpsuzlyk çäreleri berkidildi. Bu wakada gazak häkimiýetleri tarapyndan “jyhadçy” diýlip atlandyrylanyň hüjümi netijesinde 7 adam, şol sanda 5 polisiýa işgäri heläk boldy. Gazak häkimiýetleri 34 ýaşly hüjümçä dahyly bolanlary, bu hüjümi amala aşyrmaga ýardam berenleri gözleýändiklerini mälim etdiler.

Gazak häkimiýetleriniň beren maglumatlarynda 12-nji noýabrda bolan ganly wakadan soň, Gazagystanyň howpsuzlyk gulluklarynyň ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirilenligi aýdylýar.

Taraz şäheriniň 34 ýaşly ýaşaýjysy Kariýew howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ele salynmazyndan öň dört polisiýa işgärini hem adaty ilatdan iki adamyny öldürip ýetişýär. Soňra-da, ol özüni partladanda, onuň ýanynda bolan ýene bir polisiýa işgäri heläk bolýar.

Metbugatda peýda bolan käbir maglumatlarda Taraz şäherindäki hüjümiň aňyrsynda “Jund al Halifat” atly öň känbir tanalmaýan terrorçy toparyň ýatanlygy aýdylýar. Bu topar ýakynda Gazagystanda kabul edilen din baradaky kanunyň garşysyna protest hökmünde 31-nji oktýabrda Atrau şäherinde terrorçylykly hüjümi amala aşyrandygyny mälim etdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Almatydaky býurosynyň işgärleri köçelerde polisiýa işgärleriniň hem harby esgerleriň adatdakydan köpdügini aýdýarlar. Gyrgyz häkimiýetleri-de, terrorçylaryň gaçyp gitmeginden howatyrlanyp, gazak-gyrgyz serhedinde goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görülýändigini belleýärler. Şol bir wagtda-da gazak häkimiýetleri Taraz şäherinde adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilip, komendant sagadynyň girizilendigi barada peýda bolan käbir maglumatlary ret etdiler.

Adynyň efirde agzalmagyny islemedik ýerli ýaşaýjylaryň biri ene-atalaryň bu wakadan soň çagalarynyň ýeke özüni hiç ýere goýbermeýändiklerini aýdýar:

—Ene-atalar öňküsi ýaly çagalarynyň ýeke özüni öýden goýbermäge gorkýarlar. Olaryň köpüsi çagalaryny mekdebe, çagalar bagyna eltip, mekdepden soň özleri baryp, çagalaryny alyp gaýdýarlar. Adamlarda gorky peýda boldy. Hiç kim özüni howpsuz duýanok.

“Jyhadçy”

Gazak häkimiýetleri tarapyndan “jyhadçy” diýlip atlandyrylan Kariýewe bu hüjümi amala aşyrmaga ýardam berenleriň bolmagynyň mümkindigi aradan aýrylmaýar.

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň Taraz şäher bölüminiň başlygynyň orunbasary Marat Kozhaýew žurnalistler bilen söhbetdeşlikde özleriniň hüjümçiniň tanyş-bilişlerini, dogan-garyndaşlaryny tapmaga synanyşýandyklaryny, Kariýewiň näme maksat bilen şeýle jenaýaty edendigini anyklamaga çalyşýandyklaryny aýtdy.

16 ýarym million adamdan ybarat ilatly tebigy resurslara baý Gazagystan şu çaka çenli Merkezi Aziýa regionynda iň durnukly ýurtlaryň biri hasaplanýardy. Ýöne şu ýylyň başyndan bäri Gazagystanda birnäçe partlama amala aşyryldy. Häkimiýetler olary gurnanlykda yslamçy toparlary aýypladylar.

Gazagystanyň taryhynda janyndan geçen ilkinji hüjümçi şu ýylyň maý aýynda özüni partlatdy. Şol wakada iki adam heläk boldy. Tarazda bolan soňky wakada ýedi adam heläk boldy. Bu waka Gazagystanda bolan iň ganly hüjüm diýlip hasaplanýar.

Tarazda 12-nji noýabrda heläk bolan bäş polisiýa işgärleriniň ählisi 14-nji noýabrda ýerli stadionda geçirilen resmi ýas dessuryndan soň jaýlandylar.

Ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ýokary derejeli resmileri bilen geçiren duşuşygynda prezident Nursoltan Nazarbaýew heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirip, olaryň gahrymançylykly gulluk üçin döwlet medalyna mynasyp bolandyklaryny aýtdy. Ol ýerli häkimiýetlere hüjümde öldürilen polisiýa işgärleriniň maşgalalaryna ýardam bermegi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG