Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary geçirilýär


Paýtagt Bişkegiň eteginde ýerleşýän Beş-Kungeý obasyndaky saýlaw uçastogynda, 26-njy oktýabr.
Paýtagt Bişkegiň eteginde ýerleşýän Beş-Kungeý obasyndaky saýlaw uçastogynda, 26-njy oktýabr.
Şu gün Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Köpler bu saýlawlar ýurdy durnuklylyga elter diýip, umyt edýärler. Mundan öň bu ýurt jemgyýetçilik protestlerini, gandöküşikli çaknyşyklary we prezidentiň wezipesinden agdarylmagyny başdan geçiripdi.

2010-njy ýylyň aprel aýynda hökümete garşy geçirilen protestler netijesinde Kurmanbek Bakiýew häkimiýetden agdarylypdy. Bu saýlaw şondan bäri ýurtda geçirilen ilkinji kämil ses berişlik bolar.

Bakiýewiň prezidentlikden agdarylmagyndan iki aý soň, ýurduň günortasynda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda giň göwrümli çaknyşyklar ýüze çykyp, 500-e golaý adam heläk bolupdy.

Demirgazyk - Günorta

Köpleriň ynanjyna görä, şol çaknyşyklar etniki öýke-kine däl-de, syýasy prowokasiýalar netijesinde ýüze çykypdy. Emma zorluklar bu regiony gylyň üstünde goýdy hem-de demirgazykly we günortaly dalaşgärleriň arasynda ýiti prezidentlik bäsleşiginiň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Halkara krizis toparynyň Merkezi Aziýa boýunça müdiri Paul Kuin-Jadjyň aýtmagyna görä, hazirki saýlawlar, esasan, Gyrgyzystanyň täze ýoluny kesgitlemäge däl-de, soňky bir ýarym ýylyň içinde bolup geçen wakalaryň gaýtalanmazlygynyň öňüni almaga gönükdirilen.

“Zorlukly protestleriň ýüze çykmagyna sebäp boljak giň gerimli galplyklar bolmaz diýip, umyt edýärin. Saýlawlar demirgazyk bilen günortanyň syýasy elitalarynyň arasyndaky bölünişigi ýitileşdirmez diýip, umyt edýärin” diýip, Kuin-Jadj aýdýar.

“Iň möhüm zat bolsa, elbetde, günortada has köp zorluklar ýüze çykmaz diýip, umyt edýärin. Teoretiki taýdan seredilende, bular bolaýjak zatlar” diýip, Kuin-Jadj sözüniň üstüni ýetirýär.

Saýlaw resmileriniň aýtmagyna görä, azyndan 16 dalaşgär görkeziljek saýlawlarda 3,6 million adamyň ses bermegine garaşylýar. Ýurduň Waşingtondaky we Londondaky öňki ilçisi, häzirki wagtlaýyn prezident Roza Otunbaýewa bu wezipä dalaş etmeýär, ol saýlawlardan soň prezidentlikden çekiler.

Gyzgalaňly bäsleşik esasan üç sany meşhur kanditatyň – wagtlaýyn wezipesinden çekilen premýer-ministr Almazbek Atambaýew, milletçi deputat Kamçybek Täşiýew we Bakiýew döwrüniň iň ýokary howpsuzlyk resmisi Adahan Madumarow – arasynda boljaga meňzeýär.

Özüniň saýlaw kampaniýasynda ykdysady meselelere has köp üns beren aram syýasy garaýyşly Atambaýew pikir soralyşyklarda öňde barýar.
Özüniň saýlaw kampaniýasynda ykdysady meselelere has köp üns beren aram syýasy garaýyşly Atambaýew pikir soralyşyklarda öňde barýar.
Özüniň saýlaw kampaniýasynda ykdysady meselelere has köp üns beren aram syýasy garaýyşly Atambaýew pikir soralyşyklarda öňde barýar. Emma dalaşgärleriň hiçisiniň hem birinji tapgyrda köpçüligiň sesini aljagyna garaşylanok. Bu bolsa bolsa ikinji tapgyrda demirgazykly Atambaýewiň, ýa Täşiýew, ýa-da Madumarow bilen gidişmeli boljakdygyny aňladýar.

Bu çaklamalar günortada täze çaknyşylaryň döräp biljekdigi baradaky gorkulary oýardy, şeýle hem basyş ediji kampaniýalar we galplaşdyrylan ses berişlik kagyzlary baradaky aýyplamalara getirdi. Täşiýew ses berişlik boýunça galplyklar ýüze çyksa, munuň günortada zorlukly netijeleriniň boljakdygyny duýdurdy.

Saýlawlara gözlegçilik etmek üçin 600-den gowrak halkara synçy ýurda bardy. Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Aýnura Şaýymkulowanyň Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtmagyna görä, saýlaw resmileri ses berişlikleriň erkin we adalatly geçjegine ynam bilen garaýarlar.

“Gyrgyz respublikasynyň ähli raýatlarynyň, milletine garamazdan, ses bermäge haky bardyr. Gyrgyz respublikasynyň ýaşy 18-den geçen we saýlawçylaryň sanawynda ady görkezilen her bir raýatynyň ses bermäge haky bardyr” diýip, Şaýymkulowa aýtdy.

Gyrgyz saýlawçylarynyň ençemesiniň üns merkezinde ýurduň zoraýakdan hereket edýän ykdysadyýeti, esasan hem döwlet işgärleriniň aýlyk haklary hem-de Hytaý we Gazagystan bilen söwda gatnaşyklary dur. Emma saýlawlaryň netijesi ýurduň Merkezi Aziýadaky ýeke-täk parlamentar demokratiýa statusyna hem täsir eder.

Ýurtdaky çäksiz prezidentlik gözegçiligini üýtgetjek sistema geçen ýyl agzalyp başlanandan soň, bu mesele boýunça içerki göreşler hem ýüze çykdy. Atambaýew parlamentarçylygy saklajakdygyny ýaňzydýar, Täşiýew we Madumarow bolsa güýji elinde jemleýän ýolbaşçy bolmaga ýykgyn edýär.

Birleşen Ştatlaryň Jorj Meýson uniwersitetniň syýasy ylymlar boýunça professory Erik MakGlinçeýiň garaýşyça, parlamentar demokratiýa boýunça ýurtdaky gaýduwsyz başlangyçlara garamazdan, islendik yzagaýdyşlyk Bişkek üçin ahmyrly hereket bolar, ýurdy Merkezi Aziýadaky awtoritar goňşularynyň hatarynda goýar.

“Eger-de olar gaýtadan prezidentçilige geçseler, mundan soňky ädim awtoritarizme tarap bolar, özüňiz bilýäňiz, Gyrgyzystanyň gowşak awtoritarizmi barada aýdýaryn” diýip, MakGlinçeý belleýär.

“Emma, meniň pikirimçe, bu ýagdaý soňky ýylyň dowamynda bolup geçen käbir liberallaşmalardan armanly aýrylyş bolar we bu, esasan, Merkezi Aziýadaky häzirki ýagdaý hökmünde bilinýän ýerine ýetirijiniň güýçli kontrollygyna dolanyşy aňladar” diýip, MakGlinçeý sözüniň üstüni ýetirýär.

Goňşularyň täsiri

Gyrgyzystan tebigy baýlygy az bolan kiçi ýurt bolsa-da, onda özüniň has güýçli goňşularynyň bähbidi bar. Atambaýewe goldaw berýändigi aýdylýan Orsýet Bişkegi söwda we howpsuzlyk boýunça birnäçe täze bileleşiklere, esasan hem GDA-nyň Gümrük bileleşigine we geljekki Ýewrziýa Bileleşigine çekmäge umyt baglaýar.

Gyrgyzystanda harby bazasy bolan Orsýetiň Bişkegi özüniň Manas harby bazasyndan Birleşen Ştatlaryň harbylaryny çykarmaga yrjak bolýan bolmagy mümkin. Şol baza häzirki wagtda Owganystana girýän we ol ýerden çykýan esgerler üçin esasy transport geçelgesi hökmünde hyzmat edýär.

Atambaýew ABŞ-nyň harbylarynyň öz kärende möhleti 2014-nji ýylda tamamlananda çykjakdygyna yşarat etdi. Şol sene Amerikanyň Owganystandan çygmagy üçin bellenen soňky möhlet.

Kuin-Jadjyň aýdyşy ýaly, bu ýerde Gyrgyzystanyň iň güýçli goňşulary bolan Gazagystanyň we Özbegistanyň hem öz bähbitleri bar.

“Gyrgyzystan we Gyrgyzystanyň garaşylmaýan hereketleri gazaklaryň yzygiderli gaharyny getirýär we olarda ynamsyzlyk duýgusyny oýarýar. Eger-de şu saýlawlardan soň ýene-de parlamentar sistemadan güýçli prezidentlige tarap hereket edilse, meniň pikirimçe, gazaklar azda-kände arkaýynlaşarlar” diýip, Kuin-Jadj aýdýar. “Gaty bir işläp barmasa-da, olar bu ýerde parlamentar hökümet ideýalaryny halamaýarlar”.

“Özbeklerdenem nämä garaşjagyňy bilip bolmaýar. Bu ýerdäki syýasy sistemada birje zat üýtgese, bu ýagdaý olaryň özlerini Gyrgyzystan bilen arkaýyn işleşip biljek derejede duýmagyna getirermi – muňa şübheli garaýaryn” diýip, Kuin-Jadj sözüne goşýar.

“Özbek syýasatynda Yslam Kerimowyň pikir-garaýyşlary agalyk edýär. Ondan nämä garaşjagyňy bilip bolmaýar we köplenç onuň pozisiýasy goňşularynyň ukybyna we meýillerine uly şübhe bilen garamak” diýip, Kuin-Jadj sözüni jemleýär.
XS
SM
MD
LG