Türkmen žurnalisti Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bendi boýunça 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol madda görä, “adama haýbat atmak, töhmet atmak, çydamsyz güne salmak ýa-da onuň şahsy mertebesini birsyhly kemsitmek bilen, ony öz-özüňi öldürmäge mejbur edene ýa-da öz-özüňi öldürmek kastyna düşürene, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär”.
Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýaşaýan 43 ýaşly Döwletmyrat Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda tussag edilipdi. Žurnalist Ýazgulyýewiň maşgala agzalary onuň toslap tapylan aýyplamadygyny aýdýarlar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hem žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň žurnalistik işleri sebäpli şeýle basyşlara sezewar edilýänligine ynanýar.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň tussag edilmegine düýbi ABŞ-da ýerleşýän guramalar tarapyndan berk reaksiýa bildirilýär. Şeýle toparlardan biri hem “Azatlyk Öýi” guramasydyr. Guramanyň ýolbaşçylaryndan Kristofer Wolker bu barada Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda islendik žurnalistiň öz žurnalistik wezipesi we işleri boýunça tussag edilmeginiň kabul ederlikli ýagdaý däldigini nygtady.
“Hiç bir žurnalist öz wezipesine girýän işi edenligi üçin tussag edilmeli däl. “Azatlyk Öýi” guramasy şeýle hereketiň derhal durzulmagyny we agzalýan žurnalistiň boşadylmagyny talap edýär diýip, “Azatlyk Öýi” guramasynyň ýolbaşçylaryndan Kristofer Wolker Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ol Türkmenistanda žurnalistlere edilýän şeýle basyşlaryň täzelik däldigini, emma onuň soňky döwürlerde hasam möwjeýänligini belleýär.
“Türkmenistanda gaty alada galar ýaly ýagdaý döräp barýar. Hökümet, öňdenem juda kyn şertlerde iş alyp barýan we ýurtda bolup geçýän wakalary habar berýän, diňe öz žurnalistik işi bilen meşgul žurnalistleri we öz garaýyşlaryny beýan edýän raýatlaryň işini duruzmak boýunça tagallalaryny barha artdyrýar” diýip, Wolker aýdýar. “Bu Türkmenistanda repressiw ýagdaýlaryň dowam edýänliginiň ýene bir yşaratydyr”.
Ol şeýle ýagdaýlaryň Türkmenistanda häzirki hökümet häkimiýet başyna geçenden soň, birneme ösüş boldy diýilýän pikirleri puja çykarýanlygyny belleýär. “Eger “Azatlyk Öýi” guramasynyň soňky ýyllardaky hasabatlaryna seretseňiz, metbugat, söz we syýasy azatlyklar kategoriýasynda bu ýurtda hiç hili ösüşiň bolmanlygyna göz ýetirersiňiz. Bu Türkmenistanda ýagdaýyň henizem üýtgemänliginiň alamaty” diýip, Wolker aýdýar.
“Bu waka bizi örän alada goýdy we sarsdyrdy” diýip, düýbi Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar. “Ýazgulyýewiň ykbaly kanunçylyk prosesiniň ähli proseduralary bozulyp, bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde çözüldi... Islendik ýagdaýda-da, suduň sudýalary bu ýasama sud prosesinde, gynansak-da, Türkmenistanda ugruna goýberilen eden-etdilikleriň dowam edýändigini ýene nobatdaky gezek subut etdiler. Bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak barada berýän wadalaryna gapma-garşy gelýän bir waka hökmünde alamatlandy, ol bu wadalary dek düýn hem gaýtalady”.
Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň suduň kararyny şikaýat etmegi üçin 10 gün möhleti bar. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy degişli sudy bu hökümi ýatyrmaga we žurnalisti azat etmäge çagyrýar.