Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta meýdanlarynda hasyl az


Möwlamow: "Gowaçalaryň gök öwüsmegi olaryň ýapraklarynyň derman bilen düşürilmänligi üçindir".
Möwlamow: "Gowaçalaryň gök öwüsmegi olaryň ýapraklarynyň derman bilen düşürilmänligi üçindir".
Heniz sentýabr aýy tamamlananok. Türkmenistanda welin eýýäm pagta ýygymy tamamlanyp barýar. Hasylyň gutaryp barýanlygyna seretmezden, gowaçalar gök öwsüp otyr.

Gowaçalaryň gök öwüsmegi olaryň ýapraklarynyň derman bilen düşürilmänligi üçindir. Şeýle hem olar wagtynda ýetişmedi. Sebäbi daýhan birleşiklerinde traktorlaryň ýetmezçilik edýänligi sebäpli, olaryň hatar aralary talaba laýyk ýumşadylmady, dökünler ýeterlik dökülmedi, suw gana berilmedi.

Her zadam bolsa, pagtaçy kärendeçiler ýokdan bar edip, pagta ýygymyna başladylar. Her ýylda bolşy ýaly, kärendeçiler köpüň kömegi bolmasa, öz eken ýerlerindäki pagtany diňe öz hojalygy bilen ýygmagy başarmaýarlar. Şonuň üçin olar kärendesi bolmadyk obadaşlaryny hakyna tutup işledýärler. Kärendeçi kömege gelýänleriň pagtadan dolduran fartuklaryny ýygym meýdanynyň gyrasyna çykaryp, boşadyp berýär. Suw içjege suw daşap berýär, çaý içjege çaý berýär. Ýyglan pagta üçin hakyna tutulanlara kärendeçi her gün pul töleýär.

Gowaça ekinine talaba laýyk ideg edilende, gowaçalar bol hasyla durup, pagta ýygymyna awgust aýynyň ahyrlarynda başlap bolýar. Sentýabr, oktýabr, noýabr aýlarynda pagta doly ýyglyp, onuň hasyly hatda dekabr aýynda hem doly tamamlanmaýar. Ýerleri gowaça çöplerinden arassalamak üçin dekabrda gowaça çöpleri orlan halatynda-da, pagtanyň ak übtükleri çöplerdäki guran gozalardan sallanyşyp durýar.

Bu ýyl pagta hasyly çalt tükenýär. Sentýabryň ahyrynda eýýäm käbir hakyna tutma ýygymçylar ýygara pagtanyň ýoklugyny bahana edip, ýygyma gatnamasyny goýdular. Dogrusyny aýtsaň, diňe bu ýyl däl, indi ençeme ýyl bäri ýurtda pagtaçylykdan gowy hasyl alynmaýar. Ýokary görkezijiler hakdaky ýazgylar diňe kagyz ýüzünde.

Türkmenistan Orsýetiň gol astyndaka pagtaçylyga aýratyn üns berilýärdi. Gowaçalaryň hatar aralary ýedi-sekiz sapar bejerilip, şonça gezegem olar suwa ýakylardy. Her dürli dökünler dökülerdi. Uçar bilen gowaçalaryň ýapraklaryny düşürmek üçin hem-de gowaçalara zyýan berýän mör-möjekleri ýok etmek üçin derman sepilip, defoliasiýa işleri geçirilerdi. Pagta ýygymyna tutuş kolhozyň adamlary sürlerdi. Olar ir sagat altydan tä garaňky gatlyşýança pagta ýygardylar. Ine, şeýle ýagdaýda gowaçalardan bol hasyl alnardy.

Pagta ýygyşmaga barmaly

Häzirki wagtda sagat sekiz-dokuz bolman, pagta ýygymyna gidýän ýok. Şeýle hem ýygyma islän kişi barýar, islemedik barmaýar.

Öňki pagta ekilen meýdanlaryň aglabasy häzir bugdaý hem şaly ekilýän meýdanlara öwrüldi. Galan ýerlerini hem sanalgyja kärendeçiler paýlaşyp, göwnejaý bolmadyk pagta hasylyny ýetişdirip, ony hem hakyna tutulan işgärlere ýygdyrýarlar. Şol pagta ekilen ýerleriň hasylyny ýygyşmak üçin býujet işgärleri hem pagta ugradylýar. Mugallymlar, lukmanlar, inženerler, ýene ençeme kärdäki şäherliler obadaky kärendeçilere pagta ýygyşmaga barmaly.

Şäherli işgärleriň pagta ýygasy gelmeýär. Ýöne olaryň adyna her gün ençeme kilogram pagta ýazylaýmaly. Pagta gidip, pagta ýygmadyk işgäre işden kowulmak garaşýar. Şeýle bolansoň, olaryň köpüsi gününe dört manat berip, kärendeçä kömege gelen hakyna tutmalary ýene hakyna tutýar. Özleri bolsa gowaçalaryň kölegesinde dynç alýarlar. Hakyna tutmalar bolsa hem-ä ýygan pagtasy üçin kärendeçiden pul alýar, hem şäherden gelenleriň adyna ýygan pagtasyny ýazdyryp, olardan hem pul alýarlar.

Lebap welaýatynda kärendeçilere pagta ýygyşýan hakyna tutmalara bir kilogram pagta üçin 20 teňňe töleýärler, Mary, Ahal welaýatlarynda 60 teňňe töleýärler. Şeýle bolansoň, bütin maşgalasy bilen Mary hem Ahal welaýatlaryna pagta ýygmaga gidýän lebaplylar örän kän.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG