26-njy sentýabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam ölçegleri boýunça borçlaryň ýerine ýetirilişine garaýan ýyllyk maslahaty öz işine başlady. Bu konferensiýada ÝHHG-ä agza 56 ýurtdan müňe golaý resmi wekiller, ekspertler, hukuk goraýjy aktiwistler ýygnanyşyp, maslahat geçirýärler.
7-nji oktýabra çenli dowam etjek maslahatda adam hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek, demokratik ýörelgeleri ilerletmek we kanunyň hökmürowanlygyny ornaşdyrmak babatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň öz üstüne alan borçlarynyň ýerine ýetirilişine garalar.
ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça bölüminiň direktory ilçi Ýanez Lenarçiçiň bellemegine görä, Warşawada geçirilýän bu maslahatlar ÝHHG ýurtlarynyň üstüne ýüklenen borçlaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garap, bu ugurda mundan beýläk-de edilmeli işleriň anyklanmagyna ýardam berýär.
“Şol işler netije berer ýaly, edilmeli işler barada dialogy ýola goýmaga [konferensiýa] mümkinçilik döredýär. Bu meselede graždan jemgyýetçiligi gaty möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçin graždan aktiwistlerine bu maslahatlara gatnaşyp, ýurtlaryň hökümet resmileri bilen duşuşyp, gepleşik geçirmäge ýol berilýär” diýip, ilçi Lenarçiç belleýär.
Geçen ýyl ÝHHG-ä Gazagystan ýolbaşçylyk eden mahaly şeýle maslahata gatnaşmak islän türkmenistanly iki adama: graždan aktiwisti Annadurdy Hajyýewe hem bosgunlykda döredilen oppozisiýadaky “Respublika” partiýasynyň egindeş başlygy Nurmuhammet Hanamowa gatnaşmaga ýol berilmändi. Türkmen aktiwistleri ÝHHG-niň konferensiýasyna goýberilmändiklerinde türkmen resmilerini aýyplapdylar.
Hanamowyň aýtmagyna görä, şu gezek ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýasyna gatnaşmak meselesinde hiç hili päsgelçilik bolmandyr. Bu konferensiýa gatnaşmak üçin Warşawa baran “Watan” jemgyýetçilik-syýasy hereketiniň ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazow bolsa maslahatyň birinji güni türkmen resmileri üçin taýýarlanan ýerleriň boş bolandygyny aýtdy.
Resmi Aşgabatda isleg barmy?
Polşanyň paýtagtynda geçirilýän bu maslahata “Türkmen Helsinki fondundan” Täjigül Begmedowanyň, bosgunlykda döredilen türkmen “Respublika” partiýasynyň wekilleriniň, Türkmenistandaky rus jemgyýetiniň ýolbaşçy Anatoliý Fominiň gatnaşýandygy habar berilýär.
Bu maslahata türkmen resmileriniň gatnaşyp-gatnaşmaýandygy barada hazirlikçe anyk maglumat ýok. ‘Türkmen Inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin türkmen resmileriniň türkmen aktiwistleri ýa oppozisiýanyň wekilleri bilen dialog geçirmek meýliniň bardygyna şaýatlyk edýän alamatlaryň ýokdugyny aýdýar.
YHHG-niň konferensiýasyna gatnaşýan aktiwistler, oppozisiýanyň wekilleri özleriniň türkmen häkimiýetleri bilen dialogy ýola goýmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Türkmen prezidentiniň geljekki ýyl ýurtda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna oppozisiýanyň wekilleriniň hem gatnaşyp biljekdigi baradaky çykyşy häkimiýetleriň hem dialog geçirmäge meýliniň bardygynyň alamaty bolmagy mümkin diýip, hukuk goraýjy aktiwistleriň käbirleri aýdýarlar.
2010-njy ýylyň dekabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen ÝHHG-niň sammitinde kabul edilen deklarasiýada şeýle ýazylan: “Biz, ÝHHG-ä agza 56 ýurduň ýolbaşçylary, bu guramanyň esasy prinsipleriniň häzir hem aktuallygyny ykrar edip, özümiziň şol prinsiplere ygrarlydygymyzy tassyklaýarys. Biz adam hukuklarynyň hem esasy azatlyklaryň berjaý edilmegi meselesinde öňegidişlik gazanandygymyza garamazdan, adam ölçegleriniň esasy prinsiplerine hormat goýmak hem olary berjaý etmek meselesinde entek köp işleriň edilmelidigini boýun alýarys”.
Şu ýyl Warşawada Adam ölçegleri boýunça geçirilýän konferensiýanyň dowamynda esasy çäreler bilen bir hatarda 50-ä golaý dürli maslahatlaryň geçiriljekdigi habar berilýar. Agza ýurtlaryň dürli problemalaryna bagyşlanyp geçiriljek bu duşuşyklary häkimiýet wekilleri we graždan aktiwistleri ÝHHG bilen bilelikde gurnaýar.