Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Türkmenistany metbugat azatlygyna çagyrýar


ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (sagda) Türkmenistanyň wise-premýeri, ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşýar, Aşgabat, 19-njy sentýabr.
ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (sagda) Türkmenistanyň wise-premýeri, ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşýar, Aşgabat, 19-njy sentýabr.
Türkmenistana ilkinji gezek sapar edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç türkmen häkimiýetlerine metbugat babatdaky kanunlaryň liberallaşdyrylmagy ugrunda ýardam bermäge özüniň taýýardygyny bildirdi we ýurtda Internetiň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyna çagyrdy.

“Men Türkmenistanyň wise-premýeri hem ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredowyň Türkmenistana barmak baradaky çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim we Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýy baradaky maglumatlar bilen tanyşdym” diýip, ÝHHG-niň 20-nji sentýabrda ýaýradan metbugat beýanatynda Miýatowiçiň sözlerine sitata getirilýär.

Miýatowiç internetiň ilata elýeterli bolmagy, liberallaşdyrylmagy barada şeýle diýýär: “Men şu günki döwrebap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegi bilen bir hatarda dürli kommunikasion tehnologiýalaryň giňeldiljegine hem-de raýatlara täze mümkinçilikleri açyp biljek erkin maglumatlaryň ýakyn geljekde elýeterli boljagyna ynanýaryn”.

Miýatowiç Halkara gatnaşyklary institutynda ÝHHG-niň dünýäde metbugat azatlygyny öňe sürmek ugrunda edýän tagallalary barada leksiýa okady, Aşgabat,19-njy sentýabr.
Şeýle hem ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Türkmenistanyň metbugatynda plýuralizme, ýagny dürli pikirlilige ýol berip, metbugat azatlygyny kepillendirip hem gorap biljek halkara ölçeglere laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegine çagyrdy.

“Türkmen jemgyýeti üçin ýurtda çap edilýän hem ýaýlyma berilýän maglumatlaryň dürli-dürli bolmagy gaty möhüm. Ýurtda döwlete degişli däl gazetiň çap edilmegi guwandyrýar. Emma metbugat plýuralizimini ilerletmek üçin ýurtda entek gaty köp iş edilmeli” diýip, Miýatowiç aýdýar.

Şeýle hem ol, ÝHHG-ä agza ýurtlara ýüklenýän borçlara laýyklykda, ýerli we daşary ýurt metbugatynyň wekillerine işlemek üçin Türkmenistanda zerur bolan şertleriň döredilmelidigini nygtady. Miýatowiç bu ugurda edilýän işleriň ýakyn wagtda netijesiniň görünjekdigine umyt bildirdi.

Miýatowiçiň ýanynda bolan ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Sergeý Belýaýew hem Türkmenistanda metbugaty ösdürmek ugrunda bilelikde alnyp baryljak işleriň dowam etdirilmegine umyt edýändigini aýdyp, noýabr aýynda Aşgabatda metbugat kanunçylygy boýunça geçiriljek tegelek stol duşuşynyna garaşýandygyny aýtdy.

Türkmenistana eden üç günlük saparynyň dowamynda Dunýa Miýatowiç wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa, ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredow, medeniýet ministri Gulmyrat Myradow, Mejlisiň spikeri Akja Nurberdiýewa türkmen parlamentindäki ylym, bilim we medeniýet boýunça kommitetiň ýolbaşçysy Wladimir Gubanow dagylar bilen duşuşdy.

Türkmen resmileri Almatyda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň metbugatyna degişli 13-nji halkara konferensiýasyna türkmen wekilleriniň gatnaşjakdygyny tassykladylar diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Miýatowiçiň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutyň direktory Ýazdursun Gurbannazarowa bilen hem duşuşandygy, türkmen DIM-niň ýanyndaky Halkara gatnaşyklary institutynda ÝHHG-niň dünýäde metbugat azatlygyny öňe sürmek ugrunda edýän tagallalary, öz alyp barýan işleri barada leksiýa okandygy aýdylýar.

Çarşenbe güni ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň metbugat sekretarlary üçin geçirilýän ýörite seminara gatnaşdy diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG