Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW ABŞ-nyň Özbegistan syýasatyna alada bildirýär


Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow
Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň Özbegistan baradaky syýasatyny yumşadýanlygyny belläp, bu barada alada bildirýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň Özbegistan boýunça wekili Stiw Swerdlonyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Obamanyň administrasiýasy Özbegistana harby ýardamyň berilmegi üçin kanuny esaslaryň döredilmegini talap edip, Kongrese ýüzlenýär.

Obamanyň administrasiýasy ABŞ-nyň kanunlarynyň degişli maddalarynda Özbegistana kömek etmegi, şol sanda bu ýurda harby ýardam bermegi çäklendirýän bölümiň ýatyrylmagyny talap edip, Kongrese ýüz tutmagy planlaşdyrýar diýip, HRW-niň wekili aýdýar.

Bu aýdylýanlar we Obamanyň administrasiýasynyň agzalýan mesele barada alyp barýanlygy aýdylýan tagallalary bilen bagly ABŞ-nyň Senatynyň degişli komitetlerden henize çenli maglumat almak başartmady.

Emma Swerdlo bu barada Kongresdäki çeşmelerinden maglumat alanlygyny belläp, soňky birnäçe aýyň dowamynda Özbegistana sapar eden ýokary derejeli amerikan ýolbaşçylarynyň hem Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada halk köpçüliginiň öňünde dil ýarmazlygynyň özlerini alada goýýanlygyny aýdýar.

Amerikanyň hökümet ýolbaşçylarynyň şeýle tagallanyň maksady barada anyk maglumat ýaýratmazlygyna garamazdan, Özbegistana ýardam etmek barada şeýle planyň gün tertibinde duranlygy hakda käbir beýleki habar çeşmeleri hem maglumat berýärler.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Foreign policy” žurnalynyň, adynyň agzalmagyny islemedik bir amerikan hökümet ýolbaşçysyna salgylanyp çap eden maglumatyna görä, “şeýle teklip Waşingtonyň gün tertibinde bar, ýöne onuň maksady Özbegistana abanmagy mümkin howpuň öňüni almak üçin Daşkendi ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmekden ybarat”.

Pakistanyň ýerinemi?

Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, Pakistan bilen ABŞ-nyň gatnaşygynyň barha ýaramazlaşmagy Waşingtony Merkezi Aziýa ýurtlaryna, esasanam Özbegistana has ýakynlaşmaga mejbur edýär. Onuň sebäbi şundan ybarat: Waşington şu güne çenli Owganystanda ýerleşýän harbylaryny zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin Pakistana uly möçberde bil baglap gelýär.

Emma soňky döwürlerde ABŞ bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha ýaramazlaşmagy Waşingtony Owganystana ýardam aşyryp boljak beýleki ýollaryň gözlegine çykmaga mejbur edýär. Şol ýollardan biri hem demirgazyk koridorydyr.

Demirgazyk koridor arkaly eltilýän serişdäniň möçberi Pakistanyň territoriýasyndan aşyrylýan kömekden az hem bolsa, Amerika we käbir beýleki ýurtlar Owganystanda ýerleşýän harbylaryna niýetlenen enjamlaryň belli bir bölegini Özbegistanyň üsti bilen geçirip başladylar.

Özbegistan arkaly aşyrylýan kömekleriň möçberi barha artdyrylyp, onuň soňky aýlaryň dowamynda Owganystana alnyp barylýan we harbylara gönükdirilen serişdeleriň 50%-ini emele getirýänligi aýdylýar. Bu hem Amerikanyň Özbegistana baglylygyny barha artdyrýar. 2014-nji ýylda amerikan we beýleki daşary ýurt harbylarynyň Owganystany doly terk etjekdigi göz öňünde tutulanda, bu ýoluň ähmiýeti hasam artýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň wekili Stiw Swerdlonyň aýtmagyna görä, howpsuzlyk baradaky bu aladalara garamazdan, Waşingtonyň Özbegistana garşy girizen sanksiýalaryny yumşatmagy hak-hukuklary bozulýan özbekleriň lapyny keç eder.

“Bu plan kabul edilen ýagdaýynda, bu simwoliki taýdan juda möhüm bir karar bolar. Bu ädim Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada mundan 7 ýyl ozal kabul edilen kanunuň degişli maddalaryny aradan aýrar. Şol maddalar Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň juda gözgynydygyny, din we söz azatlygyna ýol berilmeýänligini, jemlenişmek hukuklarynyň juda çäklidigini ykrar edýär” diýip, Swerdlo aýdýar.

Swerdlo adam hukuklary babatda Özbegistanda hiç hili ösüş bolmandygyny belläň, şeýle ýagdaýda bu çäklendirmeleri ýatyrmak Özbegistanyň ilatyna juda erbet täsir eder diýen pikirde. Sebäbi olar günbatar ýurtlaryndan, şol sanda ABŞ-dan we ÝB-den adam hukuklarynyň goralmagy üçin tagalla etmeklerine garaşýarlar.

Häzirlikçe şeýle bir planyň bardygy we onuň Kongresiň gün tertibine girizilip-girizilmejegi barada ABŞ-nyň hökümet resmileri tarapyndan aç-açan pikir beýän edilmeýär. Emma “Human Rights Watch” guramasy şeýle plan barada gürrüň edilmeginiň hem özlerini alada goýýanlygyny mälim edip, onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna guramanyň garşydygyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG