Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazowa Şweýsariýadan Orsýete ekstradisiýa edildi


Aýsoltan Nyýazowanyň garşysyna Interpolyň üsti bilen halkara gözleg yglan edilipdi.
Aýsoltan Nyýazowanyň garşysyna Interpolyň üsti bilen halkara gözleg yglan edilipdi.
Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 20 million amerikan dollaryny ogurlamakda günälenýän, Moskwanyň Indeks bankynyň direktorlar geňeşiniň öňki başlygy, 38 ýaşly Aýsoltan Nyýazowa Şweýsariýadan Orsýete ekstradisiýa edildi.

Interpolyň Orsýetdäki býurosynyň resmi wekili Swetlana Zuýewanyň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýtmagyna görä, 16-njy sentýabrda Aýsoltan Nyýazowa Interpolyň Orsýetdäki býurosynyň işgärleri tarapyndan Ženewadan Moskwa ekstradisiýa edilipdir.

Zuýewanyň sözlerine görä, Aýsoltan Nyýazowa Orsýetiň Jenaýat kodeksiniň 159-njy we 174-nji maddalary boýunça kezzaplykda we ogurlanan pullary kanunylaşdyrmakda aýyplanýar.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Moskwa şäher Içeri işler baş edarasynyň 2003-nji ýylyň aprel aýyndaky haýyşy boýunça Aýsoltan Nyýazowanyň garşysyna Interpolyň üsti bilen halkara gözleg yglan edilipdi.

Aýsoltan Nyýazowa 2011-nji ýylyň ýanwarynda Şweýsariýanyň polisiýa işgärleri tarapyndan ele salyndy” diýip, Swetlana Zuýewa aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankyndan ogurlanan 20 million amerikan dollary möçberindäki pul boýunça jenaýat işi 2003-nji ýyldan bäri dowam edýär. Agzalýan pul summasy Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 2002-nji ýylda ogurlanypdy.

“RIA Novosti” agentliginiň maglumatyna görä, pul Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasabyndan çylşyrymly ýollar bilen ogurlanyp, beýleki ýurtlaryň banklaryndaky hasaplara, şol sanda Orsýetiň banklaryna geçirilip, gurluşyk proýektlerinde ulanylypdyr.

Ekstradisiýa edilen Nyýazowanyň jenaýat işi boýunça bäş adama günä ýöňkelipdi. 2002-2003-nji ýyllarda orsýetli bankir Dmitriý Leus we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki hasapçysy Myrat Garabaýew tussag edilipdi. Myrat Garabaýew aklanypdy, emma Dmitriý Leus dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Bruşteýn Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 2002-nji ýylda 20 million dollar ogurlamakda günäli tapylypdy.
2008-nji ýylyň tomsunda ýene-de bir bankir Saweliý Burşteýn şol jenaýat işi boýunça Çehiýadan Orsýete ekstradisiýa edildi. Maglumatlara görä, Bruşteýn Aýsoltan Nyýazowanyň ogry şärigi eken.

2010-njy ýylda Moskwanyň Zamoskworesk sudy biznesmen Saweliý Bruşteýni Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 2002-nji ýylda 20 million dollar ogurlamakda günäli tapdy hem ony alty ýyl azatlykdan mahrum etdi. Bruşteýn bankyň swiftini bilip, elektron bank sistemasy arkaly millionlarça dollary Türkmenistanyň daşyna çykarypdyr.

Orsýetiň Içeri işler ministrligindäki Interpolyň milli býurosynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 2011-nji ýylda Interpolyň kömegi bilen agyr jenaýata baş goşanlykda günälenýän 43 adam ekstradisiýa edilipdir.
XS
SM
MD
LG