Duşenbe güni hormatly dynç alyşdaky täjik žurnalisti, 70 ýaşly Hamid Atahanow özüniň Özbegistandan deportasiýa edilendigini habar berdi.
Žurnalistiň aýtmagyna görä, ony 20-nji awgustda Özbegistanyň Buhara şäheriniň prokuraturasy çagyryp, oňa ýerli täjikler bilen özbekleriň arasynda etniki duşmançylygy öjükdirmekde aýyplama bildiripdir we ony Täjigistana deportasiýa edipdir.
Öz döwründe Täjigistanyň dürli gazetleriniň, şeýle hem Orsýetiň "Izwestiýa" gazetiniň habarçysy bolup işlän Hamid Atahanow 2003-nji ýylda Özbegistanyň Buhara şäherinde ýaşaýan öz näsag aýalynyň ýanyna göçüp barypdy.
Özbegistandan deportasiýa edilen žurnalist Atahanow Buharadaky öz näsag aýalynyň ýanyna dolanyp barmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.