Geçen hepde Türkmenistanyň awtomobil ulaglary we gara ýollar ministri Serdar Berkeliýewe käýinç berildi. Bu käýinje ministriň gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ministrligiň garamagyndaky edaralara hem kärhanalara gözegçiligi gowşadanlygy sebäp boldy diýlip, habar berildi. Emma şol kemçilikleriň nämeden ybaratdygy aýdylmady.
Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, şeýle käýinjiň yglan edilmegine ýol gurluşyklarynyň haýal alnyp barylmagy, ýol heläkçilikleri bilen bagly hadysalar sebäp bolup biler: “Ýurtda şäherara ýol gurluşygy juda haýal gidýär. Arçman bilen Türkmenbaşy aralygy bar. Şu ýerde-de gurluşyk işleri haýal gidýär. Ýoluň erbetligem ýene-de adam ykbaly bilen bagly. Ýol heläkçilik hadysalary barada bizde aýdylmaýar, ýöne ol häli-şindi bolup dur”.
Ýol hadysalary barada Türkmenistanyň metbugatynda hiç hili maglumat berilmeýär. Emma ýerli synçylaryň berýän maglumatlarynda soňky döwürde ulag edinýän hojalyklaryň sanynyň artmagy bilen adamlaryň heläk bolmagyna getirýän ýol hadysalarynyň köpelendigi aýdylýar.
BMG-niň 2007-nji ýyl boýunça beren maglumatynda Türkmenistanda ýol hadysalarynda ýylyna 926 adamyň heläk bolandygy aýdyldy. Bu bolsa, ilat sany göz öňünde tutulanda, goňşy Özbegistandan iki esse köp, goňşy Gazagystandan bolsa iki esse azdyr.
Ýollaryň gurluşygy barada aýdylanda, şol gurluşyklara sarp edilýän köp serişdelere garamazdan, käbir ýollaryň gurluşygynyň hiliniň pesdigi barada ýurduň prezidenti öz eden çykyşlarynda birnäçe gezek aýdyp, çinownikleri tankytlady. Ýerli synçylar ýol gurluşyklarynyň hiliniň pes bolmagyna sowatly hünärmenleriň ýetmezçilik etmeginiň hem täsirini ýetirýändigini aýdýarlar.

Balkanabad - Türkmenbaşy gara ýolunda
Häzirki wagtda ýurduň şäherara gara ýollary, esasan hem Duşak-Mary, Mary-Türkmenabat, Türkmenabat-Daşoguz, Baharly-Türkmenbaşy gara ýollarynyň hili ýaramaz bolmagynda galýar. Täzeden çekilen gara ýollar bolsa esasan ýurduň Ahal welaýatynyň territoriýasyna, ýagny Baharly – Gökdepe – Abadan – Aşgabat – Ýaşlyk aralygyna degişli.
Hukuk goraýjy aktiwist, “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowanyň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri ýokary derjeli çinowniklere käýinç yglan edip, oňa nämäniň sebäp bolandygyny halka düşündürmeseler, bu çäreler geljekde şol ýalňyşlyklaryň beýlekiler tarapyndan gaýtalanmazlygynyň öňüni almaz diýýär.
“Bu käýinjiň aňyrsynda korrupsiýa ýatyrmy ýa-da başga bir sebäplermi - muny hiç kim bilmeýär. Halkyň arasynda bolsa, maglumat ýetmezçiligi sebäpli dürli çaklamalar döreýär” diýip, Begmedowa belleýär.
Başga tarapdan bolsa, hukuk goraýjynyň pikiriçe, käýinji alan adam hem özüni günäsiz hasaplasa-da, özüne ýüklenýän aýyplamalary alaçsyz kabul etmeli bolýar. “Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtda onuň aç-açanlykda özüniň günäsizdigini subut etmäge mümkinçiligi ýok. Adalat sistemasynyň ýapyklygy, ýurtda kärdeşler arkalaşyklarynyň kadaly işlemezligi hökümet işgärlerini, işçileri öz hak-hukuklaryny goramakdan mahrum edýär” diýip, Begmedowa aýdýar.
Şeýle hem “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Begmedowa ýurtda erkin metbugatyň bolmazlygynyň ýagdaýy has hem kynlaşdyryp, dürli adalatsyzlyklaryň ýüze çykmagyna getirýändigini nygtaýar.
Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri birnäçe gezek Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýolbaşçysyny çalşyrdy. Indi Aşyrgeldi Zamanowdan, Gurbanmyrat Hangulyýewden soň bu wezipä bellenilen Serdar Berkeliýewiň hem iş borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeýändigi aýdylýar.
Synçylaryň pikiriçe, kadrlaryň tiz-tizden çalşyrylyp durulmagy meseläniň wezipä bellenilýän adamlarda däl-de, Türkmenistanyň dolandyryş sistemasyndadygyny, onuň ýalňyşdygyny görkezýär. Ýagny, reformalar geçirilip, bu ugurdan öňegidişlik gazanylmasa, geljekde käýinç yglan edilýän, soňra-da wezipelerinden boşadylýan ministrleriň hem ýokary derejeli çinownikleriň sany azalmaz diýip, ýerli synçylar nygtaýarlar.