Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GKÇP-li we GKÇP-siz günler


Möwlamow: "Nyýazowyň hökümeti hut Sowet soýuzynyň ýoly bilen gitdi".
Möwlamow: "Nyýazowyň hökümeti hut Sowet soýuzynyň ýoly bilen gitdi".
GKÇP-çileriň esasy maksady Soýuzyň ýykylmagyna ýol bermezlikdi. Sowet soýuzyny saklap galmakdy. Ýöne Boris Ýelsiniň halkyň öňüne düşmegi başarmagynyň netijesinde Sowet soýuzyny dünýä kartasynyň ýüzünden öçürmän saklamaga synanyşanlar — GKÇP-çiler dargadyldy hem-de ors halky kommunistik diktaturadan öz azatlygyny gazandy.

GKÇP-niň dörän günlerinde olaryň radiodan ýaýradýan maglumatlaryny öňki Sowet soýuzynyň bir respublikasy bolan Türkmenistanyň halky hem diňläpdi. Ýagdaýa düşünmeýän sada halk ol habarlary gorky bilen diňleýärdi. Düşünýänler gahar bilen diňleýärdi. Ýurduň aktiwistleri bolsa miting geçirip, GKÇP-ä nähili reaksiýa bildirjegini bilmän, bir onda, bir munda bukulyp gezen Saparmyrat Nyýazowy tankytlaýardy, onuň garşysyna her hili kineli goşgulary, makalalary okapdylar.

Ýurtdaky halkyň sanyna seredeniňde, ýagdaýa düşünýänler azdy - olaryň ählisi hem paýtagt Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekilleridi. Şeýle-de bolsa, olar özleriniň sanynyň azlygyna seretmezden, GKÇP-ni goldamaga synanyşan (belki-de, gizlin ýagdaýda goldan) nyýazowçy hökümete hakykaty aýtmaga, ony tankytlamaga söz, gaýrat tapypdylar.

Nyýazowçy hökümet mitinge çykanlardan gorkdy. Olaryň köpüsine wezipe berip, köpüsini soraga çagyryp, garaz, gysga wagtyň içinde mitingçileri dargatmagy başarypdy.

Mitingçiler halky yzyna düşürip, Moskwanyň halkynyň GKÇP-çileri dargatmagy başaryşy ýaly, Nyýazowyň hökümetini ýok etmäge şol wagt güýç tapmady. Sebäbi olar juda azdy. Şeýle hem Boris Ýelsin ýaly halkyň öňüne düşüp ylgamaga taýýar syýasy lider-de ýokdy.

GKÇP dargadyldy. Şonuň netijesinde-de SSSR-iň saklanyp galynmagyna bolan iň soňky umytlar dargadyldy. Moskwanyň gahryman halky GKÇP-çileriň tanklarynyň öňünde ýatyp, özlerini pida berip, kommunistik diktaturanyň ýok bolmagyny başardylar.

Erkin pikirliler gysyldy

Türkmenistanyň intelligensiýa wekilleri Aşgabatdaky Magtymgulynyň heýkeliniň öňünde miting gurnaýar, 1991-nji ýylyň 27-nji awgusty.
GKÇP-ni goldamaga synanyşan Nyýazowyň garşysyna söz oklan türkmen aktiwistleriniň hem miting geçirmegi kiçijik respublikanyň intelligentleri üçin az zat däldi. Garaz, olar GKÇP-ni goldamaga synanyşan nyýazowçy hökümeti dargatmagy başarmasalar-da, hakykaty aýdyp bilýän kişileriň bardygyny hökümete duýdurypdylar. Ýöne olar soňy bilen köpelip bilmediler. Ýurtda soňy bilen alnyp barlan syýasat erkin pikirli adamlaryň dargadylmagy we ýurtdan ýok edilmegi boldy.

Kommunistik diktaturanyň ýaňadan dikeldilmegine Moskwada ýol berilmedigem bolsa, Türkmenistanda ol doly dikeldildi. Nyýazowyň hökümeti hut Sowet soýuzynyň ýoly bilen gitdi. Erkin pikirliler, sagdyn pikirliler ýurtdan çykaryldy, düşünjeli adamlar işden kowuldy, yzarlanyldy. Ýurduň soňky syýasy çökgünlige düşüşi bolsa dünýä aýandyr. Saparmyrat Nyýazow ýurtdaky kommunistik partiýanyň adyny üýtgedip, ony bir günüň içinde demokratik partiýa öwrenem bolsa, ýurtda demokratiýadan nyşan bolmady. Metbugat, radio-telewideniýe, umuman ideologiýa onuň elindedi. Ol ýurduň her bir edara-kärhanasyny, medeni, edebi ojagyny şahsy emlägine öwürdi. Ol ýurtda diňe bir kommunistik diktaturany dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem ony awtoritar režime öwürdi. Ol sebäpli ýurduň ykdysadyýeti, edebiýaty, medeniýeti, sungaty çökdi. Halk maddy taýdanam, ruhy taýdanam garyp düşdi.

SSSR-iň iň erbet görnüşiniň saklanyp galan ýurdy bolan Türkmenistanda ýolbaşçynyň çalyşmagy bilen hem ýagdaý üýtgemedi. Ýurt partiýadan partiýa geçmedi. Ýurt hojalykdan hojalyga geçdi. Ýurdy hojalyk bolup dolandyrma ýene dowam edýär. Halk bolsa bir hojalygyň gullaryna öwrüldi. Edebiýat, sungat, medeniýet, ykdysadyýet ýene bir hojalygyň elinde. Ýurt SSSR döwründäkidenem erbet ýagdaýda.

Elbetde, türkmenistanlylar özlerine hiç bir ýurduň mejimäniň üstüne goýup, demokratiýany hem-de azatlygy getirip bermejegine düşünýärler. Ýöne käbir demokratik döwletleriň mawy gazyň hatyrasyna diktatory goldap, öňüne böwet basylýan oppozisiýa wekillerine gol uzatmaýanyna welin, düşünenoklar.

Häzir ýurtda oppozision partiýalara ýol ýok, erkin metbugata, jemgyýetçilik guramalaryna ýol ýok, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe bir adamy öwýär. Şeýle ýagdaýdaky ýurt bilen ösen döwletler gatnaşygy kesäýjek ýaly, ýöne, tersine, köpler bu hökümet bilen gatnaşygy ýola goýup bilseler - özüni şat saýýar.

Ine, şonuň üçinem Türkmenistanda kommunistik diktaturanyň iň erbet görnüşi henizem ýaşaýar.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG