Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maliýe bazarlaryndaky durnuksyzlyk Türkmenistana nähili täsir eder?


Tokio şäherinde maliýe görkezijileri, 11-nji awgust.
Tokio şäherinde maliýe görkezijileri, 11-nji awgust.
Awgust aýynyň başyndan bäri dünýäniň maliýe biržalarynda howsala duýulýar. Ýewropa ýurtlarynyň bergi krizisiniň üstesine, Birleşen Ştatlaryň döwlet býujetiniň defisiti bilen bagly problemalar hem urna bolup, maliýe biržalarynda maýadarlarda howatyrlanma döredýär.

Geçen hepdede ABŞ-nyň “Dow Jones” indeksi ýa 400 punkt ýokarlandy ýa-da pese düşdi. Aksiýalaryň bahalarynyň şeýle birden üýtgemegi bolsa hatda maliýe krizisi döwründe hem bolmandy diýip, bilermenler aýdýarlar.

Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysy Robert Zellik dünýä ykdysadyýeti üçin ýewropa ýurtlarynda ýüze çykýan maliýe kynçylyklarynyň ABŞ-nyň ykdysady problemalaryndan hem howpludygyny aýtdy. ABŞ-nyň ykdysady meseleleri öwrenmek boýunca milli býurosy bolsa ykdysady çökgünligiň emele gelmek howpunyň 40-50% ýokarydygyny belledi.

Türkmen ykdysadyýetine nähili täsir eder?

Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýew dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän özgerişleriň hemmesiniň dünýäniň hemme ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtlara hem öz täsirini ýetirýändigini aýdýar.

Bilermen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň global maliýe sistemasyna uýgunlaşmandygyny belläp, şol sebäpli käbirleriniň maliýe bazaryndaky çökgünligiň Türkmenistana täsir edip bilmejekdigini çaklamaklarynyň mümkindigini aýdýar. Emma, onuň tassyklamagyna görä, global taýdan maliýe krizisi ýüze çykan halatynda ykdysadyýeti çig malyň söwdasyndan gelýän girdejä daýanýan ýurtlar üçin bu ýagdaý ýaramaz täsir edýär.

“Çökgünlik döwründe senagatyň ösüş depgini haýallaýar. Netijede ýangyja bolan talap hem ýangyjyň bahasy pese düşýär. Häzir hem nebitiň bahasynyň pese gaçandygyny görüp bolar. Gazyň bahasy bolsa nebitiň bahasynyň esasynda hasaplanyp çykarylýar” diýip, Hajyýew aýdýar.

Şeýle hem ol maliýe bazarynyň durnuksyzlygynyň pagta ýaly çig malyň hem bahasynyň pese düşmegine getirendigini belleýär.

Maliýe bazarynda durnuksyzlygyň emele gelmegi dünýä bazarynda altynyň bahasynyň hem öň görlüp-eşidilmedik derejelere ýetmegine sebäp boldy. Bu ýagdaý tylladan öndürilýän önümleriň hem bahasyna täsir etdi. Ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, soňky bir ýylyň içinde Türkmenistanda hem altyn önümleriň bahasy takmynan 50% ýokarlanypdyr.

2008-2009-njy ýyllarda dünýäde ýüze çykan maliýe krisiziniň ýaramaz täsiriniň Türkmenistana hem ýetendigini ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda eden çykyşynda boýun alypdy. Şonda ol: “Ilkinji nobatda bu çökgünlik biziň daşary ýurtlara çykarmak üçin önüm öndürýän senagatymyzyň esasy pudaklarynyň işiniň netijelerinde has ýiti duýulýar” diýipdi.

Goranmak üçin näme edildi?

Azerbaýjanyň “Trend” habar gullugynyň 11-nji awgustda ýaýradan maglumatynda Türkmenistanyň Strategiki planlaşdyryş we ykdysady ösüş institutyna salgylanyp, ýurtda prezident Berdimuhamedowyň deňagramlyly makro-ykdysady syýasatynyň netijesinde krizisleriň ýaramaz täsirinden goranmak üçin zerur bolan çäreleriň amala aşyrylandygy aýdylýar.

Türkmenistanda 2008-nji ýylyň oktýabr aýynda dünýä ykdysady we maliýe krizisiniň ýurda ýetirip biljek täsirlerine garşy çäre görmek maksady bilen Durnuklaşdyryş fondy döredilipdi. Emma şol fonddaky serişdeleriň möçberi, olaryň sarp edilşi hem toplanylşy barada maglumat berilmeýär.

ABŞ-nyň Stenford uniwersitetiniň ýanyndaky Huwer institutynyň ykdysatçysy Mihail Berştam 2008-nji ýyldaky maliýe krizisiniň Orsýete agyr täsir etmändiginiň sebäbini hut ýurduň Durnuklaşdyryş fondunda bolan serişde ätiýaçlygynyň ýeterlik bolanlygyndan görýär. Bu fonddaky serişdeler ilatyň sosial üpjünçiligine sarp edilip, ilat krizisiň ýaramaz täsirinden goralypdyr.

Berştam 2008-nji ýylda Orsýetiň Durnuklaşdyryş fondunda 120 milliard dollaryň bolandygyny, häzir bolsa onda diňe 27 milliard dollaryň galandygyny aýdyp, nobatdaky çökgünlik emele gelen halatynda ors hökümetiniň çig malyň söwdasyndan gelýän girdejä we ýurduň Merkezi bankynyň altyn-walýuta rezerwlerine daýanmaly boljakdygyny aýdýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynda uzak wagtlap işlän ykdysatçy Hajyýew Nyýazowyň döwründe ýurduň Merkezi Bankynda altyn-walýuta zapaslarynyň bolmandygyny aýdýar: “Türkmenistana nebitiň, gazyň, pagtanyň söwdasyndan gelen hemme walýuta serişdeleleri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Doýç Bankdaky hasabyna iberilýärdi. Şol bank hasaby bolsa diňe Nyýazowa elýeterlidi. Ýurtda hiç bir altyn-walýuta gory ýa Durnuklaşdyryş fondy ýokdy”.

2010-njy ýylyň iýun aýynda prezident Berdimuhamedow çykyş edip, 2013-nji ýyla çenli ýurtda atyn gorunyň döredilmegi barada görkezme berdi. Şeýle goruň döredilmegine ygtyýar berýän ýurduň Merkezi banky baradaky täze kanuň bolsa şu ýylyň 25-nji martynda kabul edildi.

Ýurduň altyn-walýuta gory

Türkmenistanyň altyn-walýuta gory barada ýerli metbugatda maglumat tapmak başartmady. Türkmenistanda walýuta rezerwleriniň möçberi barada ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň maglumatynda 2010-njy ýyl boýunça Türkmenistanda altyn-walýuta rezerwleriniň 11 milliard dollara barabar bolandygy çaklanýar.

Öňki sowet giňişligine girýän ýurtlaryň içinde adam başyna satylýan nebit-gazyň möçberi boýunça Türkmenistanda iň ýokary görkezijiler bar diýip, bilermenler aýdýarlar. Tebigy baýlyklardan gelýän girdejiler ýerlikli sarp edilen halatynda, Türkmenistanda iň köp altyn-walýuta gory toplanmalydy.

Emma, Orsýet bilen deňeşdirilende, bu ýurtda rezerwleriň adam başyna düşýän möçberi, Türkmenistanda çaklanýandan takmynan bir ýarym esse köpdür. 11-nji awgustda ýaýradylan maglumatda Orsýetiň halkara walýuta rezerwiniň möçberiniň ýarym prosent köpelip, 537 ýarym milliard dollara ýetendigi aýdylýar.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, ilatyň hal-ýagdaýy barada alada edýän ösen ýurtlarda, mysal üçin Norwegiýada, Türkmenistandaky ýaly kaşaň binalar gurulmasa-da, dürli krizis döwri üçin, Durnuklaşdyryş fondunda köp möçberde serişdeler toplanýar.

Bilermen Türkmenistanda hem ilatyň ýagdaýy barada öňünden alada edilmese, ykdysady krisiziň syýasy krizise öwürilmek howpunyň bardygyny duýdurýar.
XS
SM
MD
LG